Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Jemgyýet we adam baradaky ylymlar
Ýazylan wagty: 08 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Jemgyýet baradaky ylymlaryň sanynyň we ugurlarynyň köp sanlydygyny, ilkinji nobatda, jemgyýetiň iňňän çylşyrymlylygy bilen düşündirmek mümkin. Jemgyýet baradaky ylymlaryň toplumyna umumy görnüşde jemgyýetçilik ylymlary diýlip at berilýär. Bu ylymlaryň hataryna taryh, filosofiýa, sosiologiýa, politologiýa (syýasaty öwrenis), hukugy öwreniş, kulturologiýa (medeniýeti öwreniş), ykdysadyýet nazaryýeti, sosial psihologiýa, pedagogika, etika, estetika, demografiýa, etnologiýa, filologiýa. Dwe ýone-de şulara meňzeş birnäçe başga ylymlar girýär. Olaryň köpüsi jemgyýetçilik durmuşynyň belli bir tarapyny öwrenýär. Mysal üçin, politologiýa ylmy jemgyýetçilik durmuşynyň syýasy tarapyny, hukugy öwreniş jemgyýetdäki hukuk gatnaşyklaryny, pedagogika jemgyýetde terbiýäniň we bilimiň orny haradaky meseleleri, etika ylmy ahlak gatnaşyklaryny, estetika – gözelligiň, sungatyň we adamlaryň çeper döredijiliginiň esaslaryny, demografiýa – ilat bilen baglanyşykly kanunalaýyklyklary, kulturologiýa – jemgyýetde medeniýetiň orny hakyndaky meseleleri derňeýär. Öz gezeginde olaryň her biri öwrenýän meseleleriniň köpdürlüligine görä, dürli ugurlara bölünýär. Mysal üçin, taryh ylmy, umuman alnanda, adamzat jemgyýetiniň geçmişini öwrenýän ylym. Ýöne onuň birnäçe ugurlary we şahalary bar. Mysal üçin, taryh ylmynyň «Gadymy dünýä taryhy», «Orta asyrlar taryhy», «Täze taryh» ýaly ugurlary dünýä taryhyny belli bir döwürler boýunça öwrenýär. Taryh ylmynyň «arheologiýa» diýlip atlandyrylýan ugry taryhy geçmişi öňki döwürleriň medeniýetlerini degişli ýerlerde gecirilýän gazuw-agtaryş işleriniň üsti bilen öwrenýär. Onuň «etnografiýa» diýlip atlandyrylýan ugry öňki döwürlerde ýaşap geçen nesilleriň durmuşynda nähili däp-dessurlaryň bolanlygy, adamlaryň nähili jaýlarda we öýlerde ýaşandyklary, olaryň geýim-gejimleriniň we iýmit-naharlarynyň aýratynlyklary, haýsy ynançlara eýerendikleri, öz toýlarydyr-ýaslaryny nähili gurnandyklary ýaly meseleler bilen gyzyklanýar. Garaz, gepiň gysgasy, her bir jemgyýetçilik ylmynyň özüne ýeterlik ugurlary az däl. Şular ýaly içki bölünişik adam baradaky ylymlarda hem kän. Gönüden-göni adamy öwrenýän ylymlaryň hataryna adam anatomiýasy we fiziologiýasy, psihologiýa, pedagogika, antropologiýa, sahsyýet sosiologiýasy ýaly ylymlar girýär. Bu ylymlaryň her biriniň adamy öwrenişi biri-biriniňkiden tapawutlydyr. Mysal üçin, adam anatomiýasy adamyň beden agzalarynyň ýerleşiş tertibini we gurluşyny öwrenýär.Adam fiziologiýasy bolsa adamyň beden  agzalarynyň işleýşini we özara baglanyşygyny , olaryň her biriniň ýerine ýetirýän wezipelerini öwrenýär. Psihologiýa ylmy adamlaryň psihologiki aýratynlyk- laryny, häsiýetlerini, pikirlenişini, duýgularynyň döreýşini, bilim we hünär almaga ykyplaryny we başar- nyklaryny öwrenýär. Öz gezeginde bu ylymlaryň her haýsysy hem aýratyn ugurlara böliinýär. Mysal üçin, adam anatomiýasy kadaly anatomiýa we patologiki (kadadan daşary) anatomiýa ýaly ugurlara bölünse, psihologiýa ylmy öz gezeginde çaga psihologiýasy, kollektiw psihologiýasy, şahsyýet psihologiýasy, syýasy psihologiýa ýaly ugurlara böliinýär.

Jemgyýetçilik ylymlarynyň arasynda aýratyn orun sosiologiýa we filosofiýa ylymlaryna degislidir. Sebäbi bu ylymlar jemgyýeti umumy, has giňişleýin öwrenýän ylymlardyr. Mysal üçin, ykdysadyýet nazaryýeti, esasan, jemgyýetiň ykdysady durmuşynyň hadysalaryny öwrenýär. Hukugy öwreniş ylmy jemgyýeti düzýän adamlaryň, sosial toparlaryň, döwlet edaralarynyň biri-birleriniň arasyndaky hukuk gatnaşyklarynyň esaslaryny öwrenýär. Sosiologiýa bolsa jemgyýetdäki dürli görnüşli gatnaşyklary umumylykda, biri-birleri bilen arabaglanyşykda öwrenýär. Filosofiýa ylmy bolsa jemgyýetiň döreýşiniň, taryhy ösüşiniň, onuň çägindäki gatnaşyklaryň umumy kanunlaryny we esasy sebäplerini açmaklyk bilen meşgullanýar.

Jemgyýet we adam baradaky dürli ylymlaryň barlygyna we olaryň çäginde yzygiderli ylmy gözlegleriň alnyp barylýanlygyna garamazdan, jemgyýetiň we adamyň entek doly göz ýetirilmedik syrlary gaty kän. Hut şol sebäpli-de bu ylymlar elmydama ösüşdedir. Jemgyýetçilik durmuşynyň dürli taraplary. Jemgyýetçilik gatnasyklary. Jemgyýetçilik durmuşy diýseň çylşyrymly. Sebäbi jemgyýetiň agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklar durmuşyň dürli ugurlarynda bolup gecýär. Hakykatdan-da, öz töweregimizdäki adamlar köplüginiň gündelik durmuşyna siňe göz aýlasak, biz olaryň arasynda dürli görnüşli gatnasyklaryň barlygyna göz ýetireris.

Mysal üçin, haýsy-da bolsa bir ulurak maşgalanyň agzalarynyň arasyndaky gatnasyklary alyp görsek, biz bu ýerde hem gatnaşyklaryň birnäçe görnüşini sanap bileris (gaýyn atasy we gaýyn enesi bilen bu maşgaladaky gelinleriň arasyndaky gatnaşyklar, ene-atalar bilen olaryň cagalarynyň arasyndaky gatnaşyklar, çagalaryň öz aralaryndaky gatnaşyklar we ş.m.).

Ýöne bir maşgalanyň çägindäki bolup geçýän gatnaşyklar sözüň doly manysynda entek doly we gutarnykly jemgyýetçilik gatnaşyklary däldir. Jemgyýetçilik gatnaşyklary adamlaryň arasyndaky zähmet gatnaşyklaryny, olaryň aralaryndaky alyş-beriş we söwda gatnaşyklaryny, dürli sosial toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary, adamlaryň we döwletiň arasyndaky gatnaşyklary, ruhy we medeni gatnaşyklary we ş.m. gatnaşyklaryň birgiden toplumyny öz içine alýar. Bu gatnaşyklar bolsa jemgyýetiň dürli ugurlarynda bolup geçýär.

Mysal üçin, zähmet we söwda gatnaşyklary jemgyýetçilik durmuşynyň ykdysady ulgamynyň caginde bolup geçýär. Raýatlaryň, sosial toparlaryň döwlet bilen arasyndaky gatnaşyklary ýa-da olaryň hukuk meseleleri bilen baglanyşykly gatnaşyklary jemgyýetçilik durmuşynyň syýasy ulgamynyň çäginde bolup geçýär.

Jemgyýeti öwreniş ylmynda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny, esasan, dört sany uly umumy bölege, ýagny

ykdysady,
syýasy,
durmuş-sosial we
ruhy-medeni ugurlara bölmeklik kabul edilendir. Jemgyýetçilik durmusyny şeýle dört sany uly ugra bölmeklik jemgyýete ýokary görniişli sistema hökmünde seredilmegi bilen baglanysyklydyr. Sistema sözi türkmen dilinde kähalat ulgam diýen görnüşde ulanylýar. Emma sistema sözüniň manysy ulgam sözünden üýtgeşikdir. Ulgam sözi belli bir yzygiderlilikde ýerleşýän zatlaryň toparyny aňladýar. Sistema bolsa biri-birleri bilen aýrylmaz arabaglanyşykda bolan bölekleri özünde birleşdirýän bütewilikdir.
Mysal üçin, jemgyýetiň ykdysady ösüşi pes bolan ýagdaýynda, döwlete jemgyýetiň ruhy-medeni durmuşynyň bilim, ylym, sungat ýaly şahamçalaryny maddy taýdan goldamak ýeňil düşmeýär.

Ykdysadyýet. Jemgyýetçilk durmuşynyň iň wajyp ugurlarynyň biri ykdysadyýetdir. Ykdysadyýet düşünjesiniň giň manysy bar. Biz ykdysadyýet diýenimizde kärhanalaryň isleýşini, dürli maddy önümleriň öndürilişini, maliýe meselelerini, halk hojalygynyň pudaklaryny, pul-haryt aýlanyşygyny we ş.m. birnäçe meseleleri göz öňünde tutýarys. Jemgyýetde ýaşaýan her bir adam ykdysady durmuş bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Aýdaly, biziň her birimiz günde iýip-içýäris. Biziň iýip-içýän azyk harytlarymyz haýsy-da bolsa bir ýerde öndtirilýär. Öndürilen önümler haýsy-da bolsa bir ýere tabsyrylýar. Öndiirijiler tabşyran önümi üçin degişli töleg alýarlar. Önümi kabul edip alan tarap (aýdaly, bir söwda nokady) bolsa ol önümi bize, biziň pulumyza satýar.

Bu ýönekeýje mysaldan görnüşi ýaly, ykdysady ulgamyň adamlaryň durmuşyndaky orny örän uludyr.

Syýasat. Jemgyýetçilik durmuşynyň ýene bir iň wajyp ugurlarynyň biri syýasatdyr. Syýasat düşün- jesiniň hem örän giň manysy bar. Jemgyýeti öwreniş ylmynda jemgyýetçilik durmuşynyň döwlet, döwleti dolandyrmak, häkimiýet, häkimiýetleriň görnüşleri, syýasy ýolbaşçylyk, syýasy guramalar we toparlar, kanunçylyk, raýatlyk we raýat hukuklary ýaly umumy häsiýetli meseleler derňelýär. Edil ykdysadyýet ýaly, syýasat bilen-de biziň her birimiziň durmuşymyz aýrylmaz baglanyşyklydyr. Mysal üçin, döwletiň, häkimiýet edaralarynyň bilim babatynda ýöredýän syýasaty gönüden-göni orta we ýokary mekdeplerde okaýan we işleýän adamlaryň durmuşyna täsir edýär. Döwletiň daşary ýurt syýasaty bolsa, ýurduň halkara gatnaşyklarynyň geriminiň artmagyna täsir edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurtlaryň arasyndaky ykdysady, söwda, gumanitar (bilim, ylym, medeniýet, syýahat, sport) gatnaşyklaryň ýaýrawynyň artmagyna täsirini ýetirýär. Ýa-da, aýdaly, kämillik ýaşyndaky adamlar raýat hukuklarvna görä, dürli saýlawlara gatnasyp, liiikimiýete öz wekillerini saýlamaga gatnaşýarlar. I Jmuman, jemgyýetçilik durmuşynyň syýasy ugrunyň Hhmiýeti diýseň uludyr. Jemgyýetçilik durmuşynyň syýasy ugrunyň ýene bir wajyp tarapy bar. O1 bolsa hukuk gatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr.

Ahlak we hukuk düzgünleriniň özara baglanyşygy. Islendik döwlet jemgyýetdäki gatnaşyklary düzgünleşdirmäge, adamlaryň arasyndaky dürli gatnaşyklary kadalaşdyrmaga mejburdyr. Şeýle kada-kanunlaryň toplumyna hukuk düzgünleri diýilýär. Gadymy döwürlerde, entek adamlar döwlet görnüşdäki jemgyýetde ýaşamadyk döwürlerinde, umumy kabul edilen hukuk düzgünleri bolmandyr. Adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar ahlak düzgünleri, kabul edilen däplerdir dessurlar arkaly kadalaşdyrylypdyr. Emma soňabaka, esasan-da, eýeçilik emele gelip başlanyndan soň, pul-haryt gatnaşyklary peýda bolanyndan soň, hemmeleriň ählumumy berjaý etmeli kadalarydyr düzgünleri işlenilip düzülipdir. Şeýle hukuk kada-kanunlaryny berjaý etmek bolsa döwletiň agzalarynyň hemmesiniň borjuna öwrülýär. Emma hukuk düzgünleriniň döremegi bilen ahlak düzgünleri ýitip gitmeýär. Ahlak düzgünleriniň jemgyýetdäki orny hem hukuk düzgünleriniňki ýaly iňňän ýokarydyr. Jemgyýetde köp meseleler ahlak düzgünleri we kadalary esasynda çözülýär.

Mysal üçin, aýdaly, haýsydyr bir adam başga bir adamdan oňa degişli hususy jaýy (hukuk düzgünlerine görä jaýyň hut oňa degişliligi kanunlaşdyrylan diýip alanymyzda) wagtlaýynça ýaşamaklyk üçin alyp, ulanandan soň bolsa ony yzyna öz söz beren wagtynda tabşyrmasa, bu ýerde, ilkinji nobatda, ahlak düzgünleri ulanylýar. Jaýy kireýine alan adama onuň beren wadasyna wepaly bolmaklygy ýatladylýar, töwella edilýär, onuň ýagdaýyna düşünişmeklige çalşylýar. Emma bu çäreler peýda bermedik halatynda bolsa, hukuk düzgünlerine ýüzlenmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Jaýyň hakyky eýesine gaýtarylyp berilmegi hukuk düzgünleri esasynda berjaý edilýär.

Adamlaryň gündelik durmuşyndan şeýle mysallaryň onlarçasyny getirmek mümkin. Ýöne şujagaz ýönekeýje mysal hem adamlaryň durmuşynda ahlak we hukuk düzgünleriniň arasynda ýakyn arabaglanyşygyň barlygyny aýdyň açyp görkezýär.
Okalan sany: 10   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07390 sek. ýüklenen baýt: 42690