Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Daş we maýyplaryň arabasy
Ýazylan wagty: 09 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Ýaş hem başarjaň dolandyryjy täze alnan «Ýaguar» kysymly awtoulagyny obanyň içi bilen ýokary tizlikde sürüp barýardy. Maşynyna duýdansyzlykda degen daş ony ulagynyň tizligini peseltmäge mejbur etdi. Haýal etmän daşyň zyňlan ýerine ýöneldi. Maşyndan düşüp, daşy zyňan kiçijik çaganyň üstüne dazzarylyp gygyryp başlady:

― Näme üçin beýtdiň? Kim sen beýder ýaly?! ― Çagadan jogap bolmansoň, hasam gaharlandy:

― Bu ulagyň nähili gymmatdygyndan habaryň barmy? Näme üçin beýtdiň diýilýä saňa!

Çagajyk ýalbaryp jogap berdi:

― Daýy jan, meni bagyşlaň! Ýöne daş zyňmasam hiç kim duranok…

Gyrada duran ulaglaryň arka ýüzüni görkezenden, gözýaşlary ýaňagyndan süzülip gaýtdy:

― Agam ýanýodadan aşak tigirlendi. Ony galdyrmaga güýjüm ýetenok. Haýyş edýän, ony arabasyna mündürmäge kömek edäýiň-dä. Ýeke özüme agyr bolýar…

Bu ýagdaýa ýüregi endirän ýaş ýigidiň bokurdagy doldy. Ýerdäki oglany göterip, arabasynda oturtdy. Elýaglygy bilen ýarasyny daňdy. Çagajyk bolsa ýaş ýigide seredip:

― Taňry ýalkasyn, daýy! ― diýdi.

Ýaş dolandyryjy çagajygyň agasyny öýe äkidip barşyny synlady.

Haýallyk bilen ulagyna ýöräp barşyna, edil ýaňyja başdan geçiren hadysasy barada oýlandy.

… Ol şondan soň ulagynyň gapysyny bejertmedi. Degen daşyň gapyda goýan yzy oňa galan ömrüni kimdir biri daş atyp duruzjak derejede tiz ýaşamaly däldigini ýatlatdy durdy.

Taňry ilki ruhuňyza pyşyrdap, ýüregiňize gep gatyp görer. Gulak asmasaňyz, daş zyňar. Pyşyrdymy ýa-da daş?! Özüňiz saýlaň!

Terjime eden Annabibi Öwezmyradowa
Okalan sany: 187   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07772 sek. ýüklenen baýt: 32481