Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Halala hasap bar
Ýazylan wagty: 10 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Rowaýat
Okalan sany: 38   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
10 ноября 2019

Gün­ler­de bir gün Ha­run Re­şit we­zi­ri Beh­lül da­na­ny ýa­ny­na ça­gy­ryp, ba­zar­la­ra aý­lan­ma­gy­ny we söw­dagär­le­re gö­zeg­çi­lik et­me­gi bu­ýur­ýar. We­zir pa­ty­şa­nyň buý­ru­gy esa­syn­da ba­za­ra ba­ryp, bir çö­rek sat­ýa­nyň çö­rek­le­ri­niň ag­ra­my­ny çe­kip gör­ýär. Çö­rek­le­riň ag­ra­my bol­ma­ly­syn­dan bi­raz kem çyk­ýar. We­zir bu ba­ra­da dil ýar­man, söw­da­gär bi­len mesa­wy gür­rü­ňe baş­la­ýar. — Ýe­ri on­soň, gü­ze­ra­nyň nä­hi­li, oň­ňut ed­ýär­miň, bala-ça­ga­laň sag-gur­gun­my? Sa­ty­jy we­zi­riň be­ren sorag­la­ry­nyň äh­li­si­ne nä­gi­le­lik bi­len jo­gap be­rip, gü­ne­masy­nyň kyn­ly­gyn­dan zeý­ ren­ýär. Beh­lül da­na se­si­ni çy­kar­man, onuň ýa­nyn­dan baş­ga bir çö­rek­çi­niň ýa­ny­na gid­ýär. Onuň hem çö­rek­le­rini çe­kip gör­ýär. Çö­rek­ler kada­da­ky­dan hem bi­raz ar­tyk gel­ýär. We­zir mu­nuň hem gün-gü­ze­ra­ny bi­len gy­zyklan­ýar. Sa­ty­jy äh­li iş­le­ri­niň ug­ru­na­dy­gyny aý­dyp, özü­niň durmu­şyn­dan şat­dy­gy­ny ýaň­zyd­ýar. Beh­lül da­na baş­ga hiç söw­da­gä­riň ýa­ny­na bar­man, gö­ni Ha­run Re­şi­diň ýa­ny­na gel­ýär-de, pa­ty­şa­dan özü­ne baş­ga iş bu­ýur­ma­gy­ny ha­ ýyş ed­ýär. Pa­ty­şa: — Sa­ňa ýa­ňy­ja iş bu­ýurdyk, eý­ýäm ol we­zi­päň­den ýa­da­dyň­my? — di­ýip so­ra­ ýar. Beh­lül da­na: — Şa­hym, ba­za­ryň gö­ zeg­çi­si eý­ýäm bar eken. Biz­den öň çö­rek­le­ri çe­kip gö­rüp, äh­li sa­ty­ja ha­sa­by­ny öde­dip­dir. Ba­zar­da biz­lik iş gal­man­dyr — di­ýip jo­gap ber­ýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09696 sek. ýüklenen baýt: 31830