Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Italiýa Ýewropa yklymynyň ösen ýurtlarynyň biridir
Ýazylan wagty: 10 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Italiýa barada
Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 3 )

Mayichka
10 ноября 2019

Italiýa Ýewropa kontinentiniň ösen ykdysadyýetli we medeniýetli ýurtlarynyň biridir. Häzirki wagtda bu ýurt ilat sany boýunça Ýewropada dördünji, dünýä möçberinde bolsa 23-nji orunda durýar. 2014-nji ýyl­da gel­nen neti­jä gö­rä, Ita­li­ýa­da ada­myň öm­rü­niň uzak­ly­gy 83 ýaş ha­saplan­ýar. Bu gör­ke­zi­ji di­ňe Ýew­ro­pada däl, eý­sem dün­ýä ýü­ zün­de-de ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­riň bi­ri­dir. Ýurt­da aýal­lar 65 ýaş­dan, erkek adam­lar bol­sa 70 ýaş­dan hor­mat­ly dynç alşa çyk­ýar­lar. Ita­li­ýa­nyň tut­ýan umu­my meý­da­ny 301,340 kwad­rat kilo­metr bo­lup, ol, esa­san, dag­ly ýurt ha­sap­lan­ýar. Ol de­mir­ga­zyk-gün­ba­tarda Fransiýa, demirgazykda Şweý­sa­ri­ýa we Awst­ri­ýa, de­mir­ga­zyk-gün­do­gar­da Slo­we­ni­ýa bi­len ara­çäk­leş­ýär. Dün­ýä­de meý­da­ny bo­ýun­ ça iň ki­çi ýurt ha­sap­lan­ýan, ýö­ne dün­ýä meş­hur döw­let bo­lan Wa­ti­kan Ita­li­ýa­nyň için­de ýer­leş­ýär. Şo­nuň üçin Ita­li­ýa­da iç­ ki ara­çäk hem bar­dyr. San-Ma­ri­no hem şo­nuň bi­ri­dir.

Mayichka
10 ноября 2019

Ita­li­ýa­nyň paý­tag­ty Rim şä­he­ri­dir. Rim di­ňe bir Ita­li­ýa­nyň ýa-da Ýew­ro­pa­nyň däl, eý­sem dün­ýä­niň baý ta­ryh­ly meş­hur şä­ her­le­ri­niň bi­ri­dir. Ýurt­da ra­ýat­la­ryň bi­lim de­reje­si­ne aý­ratyn üns be­ril­ýär. 3 — 6 ýaş aralygyndaky kör­pe­ler ça­ga­lar bag­la­ry­na gat­nap, mekde­be taý­ýar­la­nyl­ýar. 6 — 11 ýaş­ly ça­ga­lar baş­lan­gyç bi­lim al­ýar­lar. Bu ýaş­da­ky çaga­la­ra mugt bi­lim be­ril­ýär. Ýet­gin­jek­ler or­ta mek­dep­de iki bas­gan­ çak esa­syn­da bi­lim al­ýar­lar. My­sal üçin, 11 — 14 ýaş­da or­ta ki­çi synp­lar, 14 — 19 ýaş­da or­ta uly synp­lar ha­sap edil­ýär. Mek­dep­ler­de ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler ýö­ri­te tas­syk­la­nan mak­sat­na­ma­lar esa­syn­da oka­dyl­ýar. Ola­ra te­bi­gy we yn­san­per­wer bi­lim­ler be­ril­ýär. Ita­li­ýa­nyň ýaş ra­ýat­la­ry gel­jek­ki hü­närle­ri­ni mek­dep­de oka­ýar­ka­lar saý­la­ýar­lar. Ola­ryň saý­lan ugur­la­ry bo­ýun­ça goş­ma­ça bi­lim al­ma­ga müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Munuň üçin ýö­ri­te or­ta hü­när mek­dep­le­ri he­re­ket ed­ýär.

Mayichka
10 ноября 2019

Ýurt­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň en­çe­me­si bar. Ola­ryň bir­nä­çe­si dün­ýä meş­hur­dyr. Ita­li­ýa­da uni­wer­si­tet­ler, teh­ni­ki uni­wer­si­tet­ler, uni­wer­si­tet­le­riň kol­lež­le­ri, kon­ser­wa­to­ri­ýa we aka­de­mi­ýa­lar bar. Bu ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de okuw­lar birnä­çe tap­gyr­dan durýar, olary tamamlaýan ýaş­lar ýö­ne­keý hü­när­men­den yl­my de­re­je­li hü­när­men hu­ku­gy­na eýe bol­ýar­lar. Ita­li­ýa diý­len­de, dün­ýä meş­hur ýa­ zyjy-şa­hyr­lar, su­rat­keş­ler göz öňüň­ de jan­lan­ýar. Dan­te Alig­ýe­ri meş­hur ýa­zy­jy­la­ryň bi­ri hasap­la­nyl­ýar. Ede­bi­ýat bo­ýun­ça Halkara No­bel baý­ra­gy­ny alan ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň-da en­çe­mesi bar. Şu baýraga mynasyp bolanlar: Žo­zue Kar­duç­çi­niň (1906), Gra­si­ýa De­let­ta­nyň (1926), Luid­ži Pi­ran­del­lo­nyň (1934), Salwa­do­re Kwa­zi­mo­do­nyň (1959), Eud­že­nio Mon­ta­le­niň (1975), Da­rio Fo­nuň (1997). Em­ber­to Eko­nyň ady dün­ýä­de meş­hur­dyr. Bu ýur­duň ady dün­ýä­de sun­gat ba­bat­da-da köp ag­zal­ýar. Ita­li­ýada sun­gat ir dö­wür­ler­den bä­ri do­wam edip gel­ýär. Bu ýer­de sun­gat us­sat­la­ry­nyň en­çe­me­si ýa­şap ge­çip­dir. Hä­zir­ki wagtda-da onuň sun­ga­ty ösen ha­sap­lan­ýar. Ýur­duň paý­tagty­nyň ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len bir­lik­de, Flo­ren­si­ýa, We­ne­si­ýa, Mi­lan, Nea­pol, Tu­rin ýa­ly şä­her­ler­de sun­ga­tyň öz­bo­luş­ly yz­la­ry ga­lyp­dyr. Ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler dün­ýä sy­ýa­hat­çyla­ry­nyň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Şo­nuň üçin ýurt­da sy­ýa­hat­çy­lyk­dan gir­ýän gir­de­ji ösen yk­dy­sa­dy­ýet­li bu döw­le­tiň esa­sy gir­de­ji­leri­niň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Dün­ýä­niň sport jan­kö­ýer­le­ri Ita­li­ýa­ny spor­tuň, aý­ra­tyn-da fut­bo­luň uly üs­tünlik­le­re eýe bol­ýan ýur­dy di­ýip ta­na­ýar­lar. Ýurt­da spor­ta döw­let de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de-de ýo­ka­ry neti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Ga­dy­my dün­ýä­niň gö­zel ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ita­li­ýa döw­le­ti bi­len bi­ziň ýurdu­my­zyň ara­syn­da dost­luk gat­na­şyk­la­ry ýo­la go­ýul­dy. Iki döw­le­tiň ara­syn­da­ky dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry pa­ra­hat­çy­ly­gy we ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ril­ýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05425 sek. ýüklenen baýt: 38410