Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Häzirki wagtda alabaý dünýäde iň meşhur tohumlaryň biridir
Ýazylan wagty: 11 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Arheologik gözlegleriň barşynda köp halatlarda alabaý tohumynyň
taryhyny açyp görkezýän, onuň ynsanyň durmuşyndaky orny barada gürrüň berýän maglumatlar hem ýüze çykarylýar.
Golaýda Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň
barşynda kindiwanja faýans heýkeljigi tapyldy. Onda türkmen alabaýynyň tohum häsiýetleri aýdyň görünýär.
Häzirki wagtda alabaý dünýäde iň meşhur tohumlaryň
biridir. Türkmenistanda halk seçgiçileriniň tagallasy hem-de
alabaýyň goralyp saklanmagynyň netijesinde ol beýleki tohumlar bilen garyşman, özüniň ilkibaşdaky keşbini saklap
galypdyr. Gadym döwürlerden bäri bu tohumyň wekilleri
çopan itleri hökmünde ulanylypdyr.
Okalan sany: 59   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
11 ноября 2019

Türkmen alabaýy berk nerw ulgamyna eýedir. Ol örän rahat we gaýduwsyz gylyk- häsiýeti bilen tapawutlanýar. Bu itler örän akylly, garaşsyz, öz güýjüne ynamly jandarlardyr. Olar özüniň çägini gaýduwsyzlyk bilen gorap, howp abanan mahalynda örän çaltlyk bilen hereket edip, gaýtawul bermäge çalyşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda «Türkmen alabaýy» atly täze kitaby il-günümize gowuşdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu eserinde alabaýlaryň taryhy hem-de eýeleýän orny barada gürrüň berilýär. Aslynda, ylmy-populýar iş bolup durýan bu eser itlere, olary terbiýelemäge we saklamaga bolan gara­ ýyşda milli aýratynlyklara has çuňňur aralaşmaga okyjylara mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça hut alabaýyň 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Alabaý elmydama halkymyzyň gaýduwsyzlygyny hem-de güýç-kuwwatyny alamatlandyrýan söýgüli jandary bolmagynda galýar. Bu gaýduwsyz itler daşyndan haýbatly bolup görünse-de, ýakyndan tanyş bolan her bir adam mähirli garaýşa sarpa goýmagy başarýan mährem ýüregiň gizlenip ýatandygyna oňat düşünýär. Alabaý çagalara mähremdir, olara özi bilen oýnamaga mümkinçilik berýär we şoňa görä-de, maşgalanyň hakyky dostuna öwrülýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sakçy it hökmünde deňi-taýy bolmadyk alabaý özüniň eýesini we ony gurşap alýan zatlaryň ählisini: öýüni, dogan-garyndaşlaryny, esasan hem, çagalary buýsanç bilen goraýar. Bu itiň häsiýetiniň tapawutly tarapy mertebelilik, özüňe ynam duýgusy bilen baglanyşyklydyr. Tejribeli it idedijiler alabaýy terbiýelemekde güýç ulanmak arkaly temmi bermek çäresini asla ulanyp bolmaýandygyna oňat düşünýärler. Ilki bilen, itiň hormatyna mynasyp bolmaly. Diňe şondan soň­ ra ol size gürrüňsiz tabyn bolar. Köp asyrlaryň dowamynda olar bilen geçirilen seçgi işleri şu häsiýetleri kemala getirmäge ýardam etdi. Itiň bu tohumynyň birnäçe ady bar. Ony «Türkmen alabaýy», «Orta Aziýa owçarkasy», «Möjekden üstün çykýan türkmen iti» diýip atlandyrýarlar. Ýokary hünärli it idedijiler bu tohumyň ýaşyny dürli-dürli kesgitleýärler. Onuň gelip çykyşy üç müňden alty müň ýyla çenli üýtgeýär.

Mayichka
11 ноября 2019

Arheologlaryň Türkmenistanyň çäginden tapan çopan itiniň şekili hem bu tohumyň örän gadymydygyna şaýatlyk edýär. Gulaklary we guýrugy kesilen itleriň terrakot şekiljikleri dürli ýyllarda Altyndepe we Goňurdepe ýaly meşhur ýadygärliklerden tapyldy. Itler beýleki halklaryň ýekejesinde-de, türkmen halkyndaky ýaly, hormat-sarpadan peýdalanmaýar. Arheologlar tarapyndan dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi bolan Marguşdaky gonamçylykda gazuw-agtaryş işleri geçirilende ýüze çykarylan uly hormat-sarpa bilen jaýlanan itiň galyndylary munuň subutnamasydyr. Arheologlar bu guburlaryň alabaýlaryň «söweşijiler» bilen deň hatarda goýlandygy bilen baglydygyny belleýärler. Köne Nusaýdan tapylan Parfýa ritonlarynyň birinde ägirt uly itiň şekilini görmek bolýar. Aş­ gabadyň muzeýlerinde dürli asyrlarda we senetçilik merkezlerinde döredilen alabaýyň beýleki heýkel şekilleri hem saklanýar. «Müňýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň wepaly hemrasy bolmak bilen birlikde, goragçysy, kömekçisi, dosty hem- de ýoldaşy bolup, alabaýlar hemişe nusgalyk edermenlik we çäksiz wepadarlyk görkezdiler» diýip, milli Liderimiz belleýär. Şeýle häsiýetleri bilen ynsanyň hemrasy bolan bu itler halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda we halk döredijiliginde, gündelik durmuşynda mynasyp orun eýeledi. «Türkmen alabaýy» atly kitap döwlet Baştutanymyzyň türkmenleriň buýsanjyna öwrülen gymmatlyklary, onuň taryhy-medeni we ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi barada ýazan kitaplarynyň üstüni ýetirdi. Bu eser diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eý­ sem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06532 sek. ýüklenen baýt: 35918