Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýene-de bir garaşylmadyk tötänlik
Ýazylan wagty: 11 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Ýene-de bir garaşylmadyk tötänlik
Okalan sany: 112   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
11 ноября 2019

«Dur, bakaly!» multfilmi XX asyryň iň meşhur multfilmleriniň biridir. Onuň döreýşi hem tötänlikdir. Bir gün multiplikator Wýaçeslaw Kotenoçkine güýçlüleriň ejizleri ynjytmaly däldigi hakynda wideorolik taýýarlamak tab­ şyrylýar. Ol gaharjaň möjegiň towşany awlajak bolşy we onuň özüniň duzaga düşüşi hakynda wideorolik taýýarlaýar. Wideorolik çagalaryňam, uly ýaşlylaryň-da arasynda şeýle bir meşhur bol­ ýar welin, Kotenoçkin gelýän tükeniksiz ha­ ýyşlar sebäpli, filmiň yzly-yzyna 17 seriýasyny surata düşürmäge mejbur bolýar. Multfilm XXI asyrda hem meşhurlygyny ýitirmeýär we 2006-njy ýylda onuň iň soňky — 18-nji seriýasy surata düşürilýär.

Mayichka
11 ноября 2019

1967-nji ýylda ekrana çykan, ilkinji gü­ nünden hemmeleriň söýgüsini gazanmagy başaran filmleriň biri-de meşhur «Kawkaz ýesiri» rus komediýasydyr. Bu film birnäçe täsinlikleri bilen hem meşhurdyr, ýagny baş gahryman Ninanyň keşbini janlandyrmak üçin 500 dalaşgär saýlanyp alynýar. Ussat artistleriň içinden iň soňunda 19 ýaşly, ýüpde ýöremek boýunça sirk artisti Nataliýa Warleý tassyklanýar. Nataliýa iň kyn epizodlary hem ýerine ýetirýändigine seretmezden, onda artistlik tej­ri­be­si­niň ýok­du­gy re­žiss­ýo­ry ju­da köp zäh­met çekmäge mejbur edýär. Filmde Ýuriý Nikuliniň agajyň üstünden hoz zyňýan epizody öz meşhurlygyny henizlerem ýitirenok. «Nikulin hozy» adyna eýe bolan bu ýere gelýän syýahatçylaryň häzirem yzy üzülenok. Şeýle-de, film ekrana çykan ilkinji güni 76 million tomaşaçy tarapyndan syn edilip, şol döwrüň rekordyny goýýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,17868 sek. ýüklenen baýt: 31509