Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Şibli baba
Ýazylan wagty: 11 ноября 2019 Ýazan Mayichka
ŞIBLI BABA HAKYNDA HAKYKAT WE ROWAÝAT
Okalan sany: 62   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
11 ноября 2019

Şyh Abubekir Şibli baba barada näçe gürrüň­ ler eşitsem-de, maňa heniz onuň kümmetine baryp görmek miýesser etmändi. Ine, 2018-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda bolsa, halklaryň ruhy sütünleriniň biri bolan bu şahsyýetiň ýurdumyzyň gözel künjeginde, hemmeleriň görsem diýip arzuwlan mekanynda ýer­ leşýän Sünt — Hasar dagynyň etegindäki kümmeti­ ne baryp görmek nesip etdi. Men şu ýerde bir zada has-da göz ýetirdim. Halk özüniň haýsy wagtdadygy­ na garamazdan, sagdyn ruhly, sagdyn bedenli nesil ýetişdirmekde çäksiz işleri amala aşyran, jemgyýe­ tiň öňe çykaran wekillerine şeýle uly hormat goýýar. Şeýle adamlaryň biri hem türkmen halkynyň aňynda Şibli baba adyna eýe bolan Şyh Abubekir Şiblidir. Abybekir Şibli Hijri ýyl senenamasynyň 247 — 331-nji, Milady ýyl senenamasynyň bolsa, 862 — 946-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Atasy Mawerannahryň (Syrderýa hem-de Amyderýa aralygy) Şibliýe diýen ýerinden bolup, Şibli Bagdatda doglup, şol ýerde ylym alýar we za­ manasynyň meşhur sopularynyň biri bolýar. Ol arap dilinde hem şygyr döredipdir. Şibli baba barada köp rowaýatlar aýdylýar. Rowaýata görä, ol bir ruhuň yşgynda gezip, Ha­ sar dagyna gelende, dagyň üstünde ruhy görüpdir. Şibli baba oňa ýetmek arzuwynda haýdap barýarka ruh gözden ýitipdir. Şibli bir ah urup, bu dünýä bi­ len hoşlaşypdyr. Ölmezinden öň onuň agzyndan ot çykyp, ol hem Sünt dagyny ýakypdyr. “Onuň daşla­ rynyň garalygy hem şol sebäpden bolmaly!” diýen gürrüň halk arasynda giňden ýaýrapdyr. Bu ýerlerde köp gezen hezreti Magtymguly Py­ ragy özüniň meşhur “Bilmezmiň” diýen goşgusynda Şyh Abubekir Şibli barada şeýle ýazýar: Mejnun kibi sährada aglaý-aglaý gezdigim, Gözüm ýaşyn merjen deý düzüm-düzüm düzdügim, Warka kimin Gülşadan ölüp, umyt üzdügim, Joşgun berip yşk odun, gaýnap-gaýnap gyzdygym, Şibli kibi bir dagy ýandyrdygym bilmezmiň?


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05404 sek. ýüklenen baýt: 31332