Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Dag adamy
Ýazylan wagty: 11 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Öz söýgüli ýary üçin daglary ýaran ynsan diýlende, bada-bat
Perhat ýada düşýär. Asly bilen Perhadyň dillere dessan söýgüsi
pelsepewi bir rowaýatdan, başgaça aýdanymyzda çeper ýordumdan ybarat. Ýöne biziň size gürrüň berjek gahrymanymyz welin,
hakykatdan hem ýaşan. Onuň ady Daşrath Manji. Ýöne ony köpler
«Dag adamy» diýen lakamy bilen tanaýarlar. Sebäbi bu ynsan öz
ömrüniň 22 ýylyny ýeke başyna, elleri bilen dagy deşip, obasyna
ýol ýasamaga bagyşlaýar. Bu hereketi bilen ol, hamala diýersiň,
«Ýekäniň çaňy çykmaz» diýen jümläni puja çykarýar.
Manjini beýle herekete iteren waka bolsa şeýle bolup geçýär:
heniz 23 ýaşyndaka kömür käninde işläp ýören wagty onuň aýaly
Falguni Dewi adamsyna nahar äkidip barýarka, gaýalaryň birinden
ýykylyp, agyr ýaralanýar. Gyssagly lukman kömegine mätäç bolan
aýalyny hassahana ýetişdirmek üçin Manji 55 kilometrlik ýoly geç­
meli eken. Haýdan-haý hassahana tarap ugrasa-da aýalynyň ömri
ýoluň uzaklygyna döz gelip bilmeýär. Aslynda, 55 kilometrlik ýol
üýtgetmez ýaly zat hem däl eken. Eger obanyň çykalgasyndaky dag
oýulan ýagdaýynda ol 15 kilometre çenli gysgaldylyp bilinjek eken.
Şonuň üçin Manji başga adamlaryň şeýle ýagdaýa duçar bolmazlary ýaly, dagy köwüp, ýol açmak üçin ýeňini çermeýär. 1960-njy
ýylda eline çekiç bilen kerki alyp, işe girişýär we 1982-nji ýylda öz
maksadyna gowuşýar.
Dag adamy bu hereketi bilen diňe bir obadaşlaryna ýol ýasap
bermedi, eýsem, tutuş adamzada tutanýerliligiň we yhlasyň ýeňşini
hem görkezdi. Şeýdibem ol ynsanyýete nusgalyk kişileriň sanawyna
goşulyp, durmuş ýoly ençeme dokumental flmlerde görkezildi.
Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05247 sek. ýüklenen baýt: 30114