Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Gurbannazar Ezizow – Razy
Ýazylan wagty: 11 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Ynsana bagt üçin nämeler gerek?

At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen.

Her goşgymda kämil bolmana derek,

Onuň barha kyn düşýänne razy men.

 

Razy — çynym bilen sadany söýýän,

Razy — halal saçagymda çöregim.

Razy — çalarypdyr saçlarym eýýäm,

Razy — hernä üýtgemändir ýüregim.

 

Razy — günler ýüpek sowsana döndi,

Razy — ýüregimde özgäň agysy.

Razy — «Mydam Güneş bolsun-a» doldy,

Asman bilen şu zeminiň arasy.

 

Razy — köp büdredim çaga mysaly,

Ýalňyşdym, ökündim ilkibadalar.

Şonda gökden inen perişde ýaly

Duşdy maňa oňat-oňat adamlar.

 

Razy — köçelerim, ýüregim ýagty,

Razy — kükregimde diňenok owaz.

Berdi maňa bir ömürlik bu bagty

Geçip barýan ýaşlyk, geçip barýan ýaz.

 

Razy — joşdum topragymyň toýunda,

Duzuny syladym, sowuşdym ýasyn.

Eziz maňa şu topragyň goýnunda

Wysal bolan hem bolmadyk yhlasym.

 

Gerekli pursatym indim äleme,

Begendim, söýüldim, çekdim men zary.

Ine, şu zatlaryň meniň täleýme

Miýesser edenne müňde bir razy.
Okalan sany: 71   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07354 sek. ýüklenen baýt: 33534