Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!
Ýazylan wagty: 11 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Baýlyga däl, imana ýoldaş bolsun,
Dünýäde ýamandan mydam daş bolsun,
Kyn günüňde azyndan syrdaş bolsun,
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!

Goý, adyňa müňläp setir düzmesin,
Ýeke sözde barlygyny duýursyn,
Çyn dost bolup köňül taryň üzmesin,
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!

Goldasyn elmydam dogry ýoluňda,
“Dost” diýip gezen köp sagy-soluňda,
Ýalňyşaýsaň dogryn görkezen bolsun,
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!

Doýansoň, har deýin duzuň depmejek,
Goldap elmydama hiç wagt gitmejek,
Tutan bilegini asla bükmejek,
Dünýäde şeýle bir dostuňyz bolsun!

Aýlara Atajanowa
Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07174 sek. ýüklenen baýt: 31016