Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Ogyrlanan aň
Ýazylan wagty: 11 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Içki otagdan ýene-de kakasynyň sesi eşidildi. Gorka-gorka kakasynyň ýanyna ýöräp başlady. Kakasy ony ýene urjakdy, ýogsam ol hiç hili erbetligem etmändi. Uzakly gününi otagynda kakasyndan bukulyp geçirýärdi.

Içki otagyň gapysyndan jyklady. Görse, kakasy eli jamly diwanda otyrdy. Ol çagasyny gapyda görenden:

– Gel-dä bärik! – diýip gygyrdy. Kakasy ony ýene-de urup aglatjak boljakdy. Ol bolsa kakasynyň gözýaşlaryny näme etjekdigine hiç hili düşünip bilenokdy. Ýanyna gelmändigi üçin, kakasy onuň gulagyndan tutup, süýräp diýen ýaly diwanyň ýanyna getirdi.

– Men gel diýdimmi, geläýmeli sen! Hiç zat oňaraňok! Seň bu öýde bitirýän goşuň ýok! – diýdi. Çagajygyň gözleriniň hanasy doldy. Näme bolanyna düşünip ýetişmänkä, kakasy ýüzüne bir şarpyk çalyp goýberdi. Çagajyk şondan artyk çydap bilmän, möňňürip aglap başlady. Kakasy derrew jamy aldy-da, eňeginiň aşagyna tutdy.

– Jamyň içine agla, ýaşyň biderek akmasyn! – diýip gygyrdy. Çagajyk ýaňy bir aglamagyny goýupdy welin, bir-iki sany depgiden soň, kellesine-de urgy degdi.

– Agla-da bol!

Ol ýene aglamaga durdy. Ýaňaklaryndan aşak syrygýan ýaş bireýýäm jamy dolduryberipdi.

– Boldy, boldy. Ýeterlik. Bar, git indi! – diýip gygyragada, kowup goýberdi. Çagajyk ylgap, öz otagyna bardy-da, täzeden aglamaga başlady.

Soňra elindäki jamy boşatdy-da:

– Ejesi! Joraň ýalňyşýan bolaýmasyn seň?! Biriniň gözýaşyny içseň, baýarsyň diýdi diýýäň welin, bizem-ä bir aý bäri şuň gözýaşyny içip gelýäs. Puldan-a henize çenli habar ýok – diýdi.

– Dogry bolman näme, kakasy! Onuň aýdany hemişe dogry çykýar. Çagamyzyňam alyp barýan galasy ýok, bolmanda ýaşy bir zada ýarasyn!

Çagajyk ýene bir aýlap urlup, gününi aglap geçdi, ýöne öýe ne pul aralaşdy, ne-de asudalyk. Her gün kakasy ony urup, üýşüren ýaşlaryny içýärdi. Ol bolsa muňa ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişip başlapdy. Gün-günden gözýaşy azalypdy. Indi otagyna dolanan wagty aglamagyň  ýerine oýna gümra boluberýärdi.

Kakasy ýene «Gel bärik!» diýip çagyrdy. Bu gezek weli içinde ne gorky bardy, ne-de alada. Haýaljakdan bardy-da, kakasynyň ýüzüne seretdi. Ol öňki sözlerini gaýtalady. Çagajyk bolsa aglaman, kakasynyň ýüzüne zol çiňerildi durdy. Çagasynyň aglamaýanyny gören kakasy ony urup başlady. Ýöne ne peýda?! Çagajyk aglanokdy. Gazaba münen kakasy ony has beter edip urdy. Ýüzünden gan aksa-da, gözünden ýaş çykanokdy. Aglamajagyna gözi ýetensoň, urup-urup, kakasy gaharyny çykardy. Hemişe bir çetde oturyp, olary synlaýan ejesi hem ýerinden turup, çagasyny urup başlady.

– Sen sebäpli baýap bilemzok. Agla-da bol, agla! – diýip gygyrdy. Ahyrsoňy çagajyk endam jany gara gan bolup ýere ýazyldy. Özüne gelende, görse, daýzasynyň öýünde eken. Gözi ýaşly daýzasy oňa seredip, ýüzüniň ganyny süpürip durdy. Çagajykda gepläre ysgyn, gymyldara gurbat ýokdy.

Kakasy indi onuň öýe gelenini islänokdy. Onuň özi hem daýzalarynda ýaşaberenini kem görenokdy. Şeýle ýagdaýdan göwni hoşdy.

Bir gün daýzasy öýe örän aladaly ýagdaýda geldi. Erbet bir zat bolan ýalydy. Az wagtdanam öýe jaň geldi. Çagajyk onuň näme hakda gürleşýändigini eşidenokdy. Daýzasy telefony öçürip, aglap başlady. Çagajygyň bolsa ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy. Ylgap bardy-da, gapyny gulplady. Çagajygyň bolşuny görüp daýzasy ylgap, onuň ýanyna bardy.

– Näme boldy, balam? Näme üçin gapyny gulpladyň? – diýip sorady.

Çagajyk gorky bilen daýzasyna şeýle diýdi:

– Aglama, daýza jan, ýalbarýan, aglama! Ýogsam kakam gelip, seniňem gözýaşyňy ogurlar!

Terjime eden Annabibi Öwezmyradowa
Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05988 sek. ýüklenen baýt: 35602