Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gurbannazar Ezizow – Topragym
Ýazylan wagty: 11 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim,

Galplygam etmedim, Hudaýa şükür.

Käte göge galdym, kä gökden indim,

Emma hiç ýitmedim, Hudaýa şükür.

 

Ilkinji sözümi senden başladym,

Duzuňy syladym — ýalan ýazmadym.

Diňe seniň gyşyň bilen gyşladym,

Diňe seniň ýazyň bilen ýazladym.


Ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim,

Tapanymam seň goýnuňda tapdym men.

Sen bolaňsoň dünýä akyl ýetirdim

Onuň ähli peslik, şatlygy bilen.


Hol, gaýanyň eteginde oturan

Bagyň deňesinden tabytly geçdim.

Ýene bir gün, gökden sowulyp duman,

Şol bagyň düýbünde al şerap içdim.


Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen.

Sen, seretsem, öňki süňňüm ekeniň.

Çalyşman daş ýurduň gülleri bilen

Aýakda yz goýan seniň tikeniň.

 

Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş,

— Ýollaryň ak bolsun, uzaga gitsin.

Baky uka batsam bir gazaply gyş,

Seň goýnuňda ýatmak miýesser etsin!
Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07501 sek. ýüklenen baýt: 33849