Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Uly balyk
Ýazylan wagty: 11 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Hekaýanyň awtory: Jeýms P. Lenfesti

Ol on bir ýaşyndady. Nýu-Hempşir kölüniň ortasynda ýerleşýän adadaky öýlerinde haçan bir pursat tapsa, dessine balyk tutmaga giderdi.

Garabalyk awlamaklygyň gadaganlygy hakyndaky kanunyň aýrylmagyndan bir gün öň, kakasy bilen garaňky düşen badyna kiçijik balyklardan tutdy. Soňra çeňňegiň gaňyrçagyna iým dakyp, ony tejribesine görä suwa oklady. Iým suwa düşen pursaty günüň batmagy bilen suwda altyn şöhleler emele geldi, soňra kölüň üstüne nurly Aý dogdy.

Çeňňegiň çaltlyk bilen çekilýänini duýup, oňa bir uly balygyň düşendigini aňdy. Kakasy oglunyň balygy çekişini haýran galyp synlady. Çaga bitap düşen balygy ahyry suwdan çykardy. Bu onuň şol güne çenli gören iň uly balygydy, emma heniz awlamaklygyň gadaganlygy hakyndaky kanunyň aýrylmagyna birnäçe sagat galan garabalykdy.

Kakasy bilen ogly ol owadan balyga seretdiler, teňňeleri Aýyň ýagtysyna şeýlebir ýaldyraýardy. Kakasy otlyçöpüni ýakyp, sagadyna seretdi. Sagat on bolupdy. Awlamaklygyň gadaganlygy hakyndaky kanunyň aýrylmagyna iki sagat wagt bardy. Ilki balyga, soňra ogluna seretdi.

«Balygy yzyna suwa oklamak gerek, oglum!» diýdi.

«Kaka!» diýip çaga agy gatyşykly sesi bilen garşy boldy.

«Başga-da balyk bar ahyryn» diýdi kakasy.

«Emma olaryň hiç biri munuň ýaly uly däl-ä» diýdi oglanjyk.

Köle bir pursat nazar saldy. Kölde hiç hili balykçy gaýygy ýokdy. Kakasynyň ýüzüne ýene bir gezek seretdi. Özlerini hiç kimiň görmeýänligine we hiç kimiň balyk tutandyklaryny aňmagynyň mümkin däldigine garamazdan, kakasynyň sesinden bu meselede özüne hiç hili alaç galmandygyna düşündi. Çeňňegiň ujuny balygyň agzyndan çekdi-de, balygy kölüň garaňky suwuna goýberdi. Balyk suwa düşen dessine şeýle bir çyrpyndy, soňam gözden gaýyp boldy. Oglanjyk ýene bir gezek şeýle balyk tutmajagyny bilýärdi.

Bu waka mundan takyk otuz ýyl öň bolup geçipdi. Bu gün ol oglanjyk Nýu-Ýork şäheriniň uly binagärleriniň biri. Kakasynyň kiçijik öýi henizem şol adada. Ogluny we gyzlaryny enteklerem şol adadaky öýlerine balyk tutmaga äkidýär.

Oglanjyk mamla çykdy. Ýene bir gezek onuň ýaly uly balyk tutup bilmedi. Emma durmuşynda aýgytly pursatlar dörände, ol hemişe şol balygy göz öňüne getirerdi.

Kakasyndan öwrenişi ýaly, aýgytly hereket dogry bilen ýalňyşyň nämedigi babatda ýönekeýje sapakdy. Esasy zat diňe olaryň durmuşda amal edilmegidi. Hiç kimiň görmeýän pillesi dogry hereket edip bilýärismi?!

Hawa, çagalygymyzda bize balygy suwa goýbermek öwredilen bolsady, dogry hereket ederdik. Çünki şonda hakykatyň we dürslügiň nämedigini öwrenerdik.

Dogry hereket etmeklik hakydamyzdaky başarjaňlygymyzy hiç wagt ýitirmez. Şeýle tejribe edinsedik, bu ýatlamany dostlarymyza we agtyklarymyza ýüregimizden syzdyryp, irginsiz düşündirerdik. Iň möhüm zat pursatlardan peýdalanmak däl-de, dogry hereket etmekdir.

Terjime eden Mährijemal Hanmedowa
Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06680 sek. ýüklenen baýt: 33734