Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Täze önümhananyň gurulmagy bilen Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasynyň mümkinçiligi bir gije-gündizde 100 tonna ýaga ýeter
Ýazylan wagty: 12 ноября 2019 Ýazan NEXTTM

Täze önümhananyň gurulmagy bilen Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasynyň mümkinçiligi bir gije-gündizde 100 tonna ýaga ýeter

Täze önümhananyň gurulmagy bilen Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasynyň mümkinçiligi bir gije-gündizde 100 tonna ýaga ýeter

Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasynda rafinirlenen ýagy aklaýan, yssyzlandyrýan we PET görnüşinde gaplaýan täze önümhanalary gurmak meýilleşdirilýär. Olaryň kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna önüm öndürmäge barabar bolar. Bu barada Biznes Türkmenistan internet saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem, bu zawodda 2021-nji ýylda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze önümhanalar hem işe giriziler. Olaryň kuwwaty ýylda 12,6 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenen. Häzirki wagtda bu ösümlik ýag kärhanasynda pagta çigidi gaýtadan işlenilip, ondan ösümlik ýagy, kir sabynlary, sary un, harpyk ýaly önümler öndürilýär. 

Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,15701 sek. ýüklenen baýt: 31170