Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Telewizoryň okamaga täsiri
Ýazylan wagty: 12 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Haýran galaýmaly! Ýat adam girmesin diýip öýlerimiziň gapysyny gulplaýarys, soňra-da telewizory açýarys!

Geçirilen barlaglaryň birinde bäş sany duýuş organynyň ylym öwrenmäge näçeräk täsir edýändigini anyklamaga çalşypdyrlar. Alnan netijeler seljerilende, görüş organynyň 75%, eşidiş organynyň 13%, duýuş (syzyş) organynyň 6%, ys alyş organynyň 3%, tagam alyş organynyň bolsa 3% täsir ýetirýändigi ýüze çykarylypdyr. Başga bir barlagda görüş organynyň paýy 83%-e barabar bolupdyr. Bu netije görüş organynyň öwrenmek üçin nä derejede zerurdygyny görkezýär. Emma görüş organymyza ýaramaz täsir edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iň howplusy telewizordyr. Sebäbi onda adamyň ýatkeşligini ýitirmegine sebäp bolup biljek birgiden şekiller her gün görkezilýär.

Adamyň ýüreginiň hemişe bir zadyň täsirinde galyp bilýändigini habar beren beýik şahsyýetleriň biri: «Adam ogly çölüň ortasynda galan guşuň ýelegine meňzeýär. Ýel öwsende, ol eýläk-beýläk gaýyp-gaýyp gidýär» diýýär. Kalbyň üýtgemeginde-de gözüň iň uly ähmiýete eýedigine hiç hili şübhe ýokdur.

Müsürli ýazyjy Najib Mahfuz hem jany ýanyp, telewizoryň ýaramaz täsiri barada şeýle diýýär: «Meni ähli zatdan has erbet gorkuzýan iki zat bar: biri neşe serişdeleri, beýlekisi telewizor. Bular neslimiziň we milli däp-dessurlarymyzyň baş duşmanydyr. Bularyň ikisem bütin dünýä üçin howp döredýär».

Ibrahim Ünal «Kitaba aşyk bolmak» atly kitabynda eden bellikleriniň arasynda awtorynyň, kimdigini aýtman, telewizor baradaky şu hakykaty ýazýar: «Hemmämiz ýesir. Elimiz-aýagymyz daňlan ýaly, bolýan wakalary synlaýarys. Alaçsyz, hereket edip bilmän durşumyz – ullakan masgaraçylyk. Hemmämiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýesiri. Eýeleýän iň arzyly ornumyz – telewizoryň öňündäki kürsi. Hemişe dynuwsyz hüjümlere sezewar bolýarys. Emma ne söweş bar, ne-de ýaraşyk».

Telewizoryň adamlara ýetirýän täsiri edil neşe serişdeleriniň täsiri ýalydyr. Az mukdary oýandyryjy, köp mukdary bolsa özüne bendi ediji häsiýete eýedir. Luiz Armand kitaplaryň habar beriş serişdeleriniň hüjümine garşy öz gymmatyny gorap saklandygyny öňe sürmek bilen, hem-ä optimistligini goraýar, hem-de kitabyň gününi sanaýanlara: dogumlylyk bilen «Ýok, kitap ýaşar!» diýýär. Ol: «Kitap birazam bolsa, demirýoly ýaly, hökmürowanlygyny ýitirdi. Emma şonda-da, demirýoldaky bolýan zatlara bir serediň. Uçaryň hem awtomobiliň ýüze çykmagy bilen demirýola bolan zerurlygymyz aradan aýrylar öýdüldi. Emma beýle bolmady. Garaýollarda ulaglaryň köplügi zerarly kynçylyk döreýär, emma otlular gidilmeli menzile wagtynda barmagymyza kömek edýär. Elektromagnit tolkunlaryň hereketi hem garaýollaryňkyça ýokdur. Öňler adamlar bilimiň gytlygyndan kynçylyk çekerdiler, bu gün bolsa ýagdaý düýbünden başgaça… Neşirýat her bir adamy bilýän maglumatlaryndan, habarlaryndan jogapkärçilik duýmaga, medeniýetli, täsir ediji herekete eýe bolmaga mejbur edýär. Kitap elektromagnit tolkunlarynyň we şekilleriň içinde ýüzýän şu dünýäde adamda şahsy we peýdaly, halas bolmaga bolan duýgyny döredýär.

Kitabyň ornuna geçmek isleýän beýleki serişdeleriň adamy kitapdan daşlaşdyrýandygy jedelli mesele bolmagynda galýar. Kitap ýeke-täkligini, medeniýeti Ýer ýüzüne ýaýmak hukugyny hemişe-de saklar. Ernest Diçter şeýle diýýär: «Eger kitaplary dünýä tarap açylýan penjire, ýa bolmasa, ýurtlardyr wakalar bilen ýakyndan baglanyşygy bolan serişde hökmünde kabul edýän bolsak, onda ol geljekde şu günküsindenem has köpeler. Telewizor we beýleki habar beriş serişdeleri hiç haçan kitabyň bäsdeşi bolmandylar, bolubam bilmezler. Dünýä dursa, kitabam durar, ol iň kämil aragatnaşyk serişdesi bolmagyny dowam etdirer».

Çeşme: masgalamekdebi.coma
Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05528 sek. ýüklenen baýt: 33878