Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Türkmen kinosy ösüş ýolunda
Ýazylan wagty: 13 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Türkmen kinosy öz ösüş ýolunda dürli dö­
würleri, wakalary, ýeňil bolmadyk synaglary
başdan geçirdi. Ençeme ussatlar kino sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine öz goşantlary­ny goş­du­lar.
Ola­ryň ara­syn­da re­žiss­ýor­lar-da,
operatorlar-da, suratkeşler-de, artistler-de bar.
Okalan sany: 92   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
13 ноября 2019

Milli kinomyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi täze filmleriň esasynda äşgär bolýar. “Asudalygyň goragynda”, “Serhet”, “Söýgi kenary”, «Bagta barýan ýollar”, “Gumly gelniň aýdymy”, “Päl­wan”, “Se­ýis”, “At — my­rat”, “At mü­nen ýurt gezer”, şeýle hem “Awazanyň aýdymy”, “Taryha syýahat” atly filmler, Türkmenistanyň şypahanalary, sungat ussatlary barada dokumental filmler surata düşürildi. Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde ilkinji ge­zek Şir­li Mol­la­ýe­wiň re­žiss­ýor­lyk etmeginde “Ömür kerweni” atly köp seriýaly filmiň surata düşürilmegi türkmen kinosynda bolup geçen täzelikleriň biridir. Bu filmde türkmen telekeçileriniň amala aşyrýan işleri barada gürrüň berilýär. Şu gün­ler Şir­li Mol­la­ýe­wiň re­žiss­ýor­çy­lyk etmeginde “Ene toprak” atly täze çeper film surata düşürilýär. “Bedew rowaýaty”, “Gülýaka”, “Köneürgençli ussa”, “Seýis”, “Serhet”, “Gumly gelniň aýdymy”, “Magtymguly”, “Ömür kerweni” atly filmleri döredijiler Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Türkmen kinosynyň taryhyny bilmek, kino sungatynyň ösmegine uly goşant goşan halypalaryň döredijiligini öwrenmek talyp ýaşlar üçin ähmiýetlidir. Kinonyň taryhy bilen Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň kino muzeýinde tanyşmak has-da täsirli. Muzeý­ de syn­la­ra zat köp. Us­sat ki­no­re­žiss­ýor­la­ryň, artistleriň, operatorlaryň suratlary, dürli döwürlerde türkmen filmleriniň eýe bolan baýrakdyr sowgatlary, taryha giren filmlerden şekiller özboluşly maglumat bolup hyzmat edýär. Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen gatnaşyklary özüniň oňyn netijesini berýär.

Garabeg
13 ноября 2019

nireden gorup bolyar, turkmen kinolar kopelyar diyyaler emma gorup bilemok nireden?


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07115 sek. ýüklenen baýt: 32265