Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Türkmenlerde geýinmegiň edebi
Ýazylan wagty: 13 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Adamyň işeňňirligini, gylyk-häsiýetini, arassaçylygyny
geýnişiniň üsti bilen bilmek bolýar. Öz üst-başyňa seretmek bilen, diňe özüňe däl, eýsem töwerek-daşyňa hem
hormatyň nähili derejededigini görkezýärsiň. Şonuň
üçin adam hemişe göze gelüwli we arassa geýinmäge
çalyşmalydyr.
Okalan sany: 116   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
13 ноября 2019

Türkmenlerde zenan asyllylygy ata-baba dowam edip gelýän edeplerdendir. Asylly geýinmek adamyň diňe daşky görnüşini däl, eýsem içki dünýäsini hem gözelleşdirýär, şonuň üçin türkmen zenanlarynyň uzyn ýeňli, ýakaly, uzyn köýnek geýmekleri örän gelşikli we asylly görünýär. Her müçede adamlaryň geýnişi üýtgeýär. Olar müçe çalyşmagy bilen, geý- nişine üýtgeşmeleri girizmegi dogry hasaplaýar. Göze gelüwli, owadan egin-eşikler jemgy- ýetiň ösüşinden hem-de oňa bolan gatnaşygyndan habar berýär. Adam öz häsiýetine görä nusga saýlaýar, ýagny onuň geýnişinden häsiýetini, kärini, milletini, ýagdaýyny, ýaşyny dü- şünjesini kesgitläp bolýar. Egin-eşik sowukdan we yssydan goranmak üçin niýetlenendir. Şeýlelikde, adamlar ýylyň dürli paslyna, görä egin-eşik geýmegi başarmalydyr. Taýýarlanan nusgalar reňkler bilen sazlaşykly ýerine ýetirilmelidir. Çünki reňkli mata adamyň ýüz keşbi bilen gabat gelmeli. Ýüz keşbiňe ýakyn bolmaly. Egin-eşigiň görnüşi adamyň zähmet döredijiligi, hünäri bilen baglanyşyklylykda saýlanylmalydyr. Adam dürli gurşawda we fziki zähmetiň iş şertine laýyklykda saýlap alan hünäriniň talabyna görä geýinmelidir. Medeni ojaklara geýmäge niýetlenen eşigi, öýde dynç almak üçin geýip bolmaýar. Öý eşigi bedene ýakymly, hereket etmäge amatly hasaplansa-da, ony kärhanada işleýän ýeriňde geýmek ýerlikli däldir. Adam şäherde, etrapda, tokaýda, çöllükde, der- ýanyň, deňiz ýakasynda ýaşaýan bolsa, ol şoňa görä egin-eşik geýmeli. Bedeni gyş pasly ýelden, çyglylykdan, sowukdan, ýaz, tomus pasyllarynda Gün şöhlesinden goramaly bolýar. Tomus paslynda geýilýän egin-eşik ýeňil bolmaly. Pasyllar adamlara öz aýratynlygy bilen täsir edýär. Bu üýtgeşmeler, esasan, adamyň emosional psihologiýasy, durmu- şyň geçişi, tebigatyň täsiri bilen düşündirilýär. Egin-eşigiň durkuny we onuň reňkiniň öwezini saç bezegi, goşmaça bezeg serişdeleri doldurýar. Göze gelüwli geýinmek belli bir derejede adamyň keýpiniň neneňsidiginden hem habar berýär.

Garabeg
13 ноября 2019

wah ola seyledirle welin geyinmeginem oz tertibi barmyka diyyan


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06377 sek. ýüklenen baýt: 32591