Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Adam Grantyň «Bermek we almak» kitaby barada l
Ýazylan wagty: 13 ноября 2019 Ýazan NEXTTM
Ady: «Bermek we almak»
Asyl nusgasy: «Give and Take»
Ýazyjysy: Adam Grant
Dili: Iňlisçe
Temasy: Adam we jemgyýet, Şahsy kämillik
Çap edilen wagty: Maý, 2014
Sahypa sany: 368

 

Işde we durmuşda üstünlige ýetmek baradaky öňden gelýän pikirlerimizi üýtgetjek kitap…

* Garşydaşlarynyň peýdasyna saýlawlardan dänip bilýän şeýle pespäl adam nädip taryhdaky iň uly döwlet baştutanlarynyň biri boldy?

* Sakaw aklawçy jerime baradaky işde nädip ýeňiş gazanyp, rekord goýmagy başardy?

* Söwdanyň syrlaryny her kime aýdyp ýören goýum goýujy nädip öňküsinden hem kän üstünlige ýetmegi başardy?

Şu günki güne çenli biz üstünligiň gözbaşyndaky şahsy faktorlara, ýagny nebse, köp işlemeklige, başarnyga we şowlulyga üns berip geldik. Emma güýçli depginde üýtgeýän dünýäde başga adamlar bilen özara täsir ýetirişmegimiziň üstünliklerimize täsiri gün geçdigiçe has hem artýar. Warton menejment mekdebiniň iň abraýly mugallymlaryndan baýrakly gözlegçi Adam Grant «Bermek we almak» atly kitaby bilen aragatnaşyk, hyzmatdaşlyk, pikir alyşmak we liderlik temalaryna düýbünden başgaça çemeleşip, üstünligiň gözbaşynda ýatan täze tutumlary açyp görkezýär.

Grantyň aýdyşyna görä, iş dünýäsinde adamlary üç topara bölmek mümkin: alyjylar, berijiler we sazlaýjylar… Statistikalara seredeniňde, üstünlige eltýän basgançaklaryň iň aşakdakysyny adamlara kömek etmekden ýaňa özlerinde energiýa galmaýan berijiler eýeleýär. Onda iň ýokarda kimler bar? Alyjylarmy, sazlaýjylarmy? Geň hem bolsa, ýokarda-da berijiler bar. Ýöne nädip?

«Bermek we almak» kitabynda lukmanlaryň, telekeçileriň, binagärleriň, syýasatçylaryň, başga-da köp sanly dürli kärlerdäki adamlaryň geň galdyryjy hekaýatlaryna we dünýäniň abraýly psihologlarynyň onlarça ýyllap dowam eden içgin gözlegleriniň netijelerine üns berip görsek, diňe bu soraglara jogap tapmak bilen çäklenmän, eýsem hem-ä işiňize hemem sosial durmuşyňyza başgaça garap başlarsyňyz.

«New York Times» we «Wall Street Journal» gazetlerinde iň köp satylan kitaplaryň sanawyna giren «Bermek we almak» ençeme sosiolog, menejment ussady we kärhana ýolbaşçysy tarapyndan öz ugruna degişli iň möhüm kitaplaryň biri hökmünde kabul edildi.

 

Awtoryň kitap baradaky gysgajyk syny:

Siz berijimi ýa-da alyjy? Sazlaýjy bolmagyňyzam mümkin. Adam Grant beriji bolmagyň, ýagny özüňden başgalara peýdaly şahsyýet bolmagyň adamy üstünlik basgançaklaryndan nädip ýokaryk çykarýandygyny öň ýaşap geçen ýa-da şu wagtam aýatda diri gezip ýören adamlaryň tejribesinden mysal getirip düşündirýär. Okanlaryň birbada üçden birine «ýürekgysgynç eken» diýdiren bu kitap soňabaka maňa açylyp, okamaga höwesim has-da artdy. Kitapdaky temalaryň her biri örän gowy saýlanypdyr we giň maglumat berlipdir.

Awtoryň esasy ýetirmek isleýän habary: «Berijiler hem üstünlik gazanýarlar. Özem olar muny torty ulaldyp, hiç kimiňem ýoluna böwet bolman başarýarlar. Üstesine-de, berijileriň artmagy alyjylary hem berijilere öwürýär».

Taýýarlan M. Hekimowa
Okalan sany: 89   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
13 ноября 2019

Kitaby haýsy salgydan ýükläp bolýarka?


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06395 sek. ýüklenen baýt: 35304