Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hereketlenýän daşlar
Ýazylan wagty: 15 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Hereketlenýän
daşlar
Okalan sany: 53   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
15 ноября 2019

Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän goraghananyň çäklerinde kiçi daşjagazdan başlap, uly tokga daşlaryň birnäçesi Restreýk-Plaýýa (Recetrack Playa) kölüniň düýbüne tarap süýşýärler. Bu ýer dünýäniň iň yssy ýeri hasaplanylýar. 1971-nji ýylda bu ýerde 43 gü- nüň dowamynda howanyň temperaturasy +50 derejesinde saklandy. Daşlar ýekelikde we toparlanyp süýşýärler. Süýşen daşlar çägäniň üstünde birnäçe metre çenli ýetýän mese-mälim bilinýän yzlary goýýarlar. Uly daşlar şemalyň garşysyna süýşýärler. Süýşýän daşlaryň süýşmezligi üçin hünärmenler birnäçe gezek synanyşyk etselerde, olara daşlary saklamak başartmandyr. Ýörite enjamlaryň kömegi bilen uzak aralykdan gözegçilik edilende, bu daşlaryň bir sagadyň dowamynda ýarym metre golaý süýşýändigine syn edildi. Reýstrek daşlary 1950-nji ýylyň başlaryndan bäri bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler tarapyndan hasaba alyndy. Iň uzyn yz goýan daş hasaba alnanda, ol bir göni çyzygyň ugry boýunça 900 metre çenli bolan aralyga çenli yz goýupdyr. Ortaça hasap bilen her daş 200 metre çenli bolan aralyga süýşýär. Daşlaryň goýýan bu täsin yzlarynyň göni hem-de uzyn bolmagyna daşyň ululygy ýa-da kiçiligi täsir etmeýär. Bu hereket da- şyň geografki ýerleşýän ýeri bilen baglanyşykly bolýar. Geçirilen ençeme ylmy barlaglardan soňra hem daşlaryň haýsy sebäpler bilen süýşýändigi doly anyklanylmady.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14566 sek. ýüklenen baýt: 30859