NextTM hödürleýar
Halanan ýazgylar
Bölümler
Soňky jogaplar
Dünýäniň iň ýeňil awtoulagy bolsa, Beýik Britaniýada 2011-nji ýylda goýberilen «Peel P50» görnüşli ulagdyr. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen bu ulagyň ini 104 santimetr, uzynl y g y 1 3 7 santimetr, agramy bolsa 59 kilogramdyr. Ýeke orunlyk bu ulag sagatda 80 kilometre çenli tizlikde hereket etmäge ukyplydyr.
Gadymy Gresiýa birnäçe sport görnüşlerini, bäsleşikleri esaslandyryjy ýurt hasaplanýar. Olaryň arasynda agyr atletika hem bardyr. Arheologlar: «Folosyň ogly Bibon bu daşy bir elinde galdyrmagy başardy» diýen ýazgyly uly daş bölegini tapdylar. Agramy 143 kilograma barabar bolan ol daş b.e. öňki VI asyra degişlidir. Bu agyr atletikanyň taryhynda ilkinji bellige alnan görkezijileriň biridir. ▶ Zenanlaryň dodagyny boýamak endigini ilkinji bolup gadymy müsürliler oýlap tapypdyrlar. ▶Adamlaryň täsin döredijilik işleriniň biri Angliýanyň «British Airways» awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Olar teňňelerden dünýäde iň uly mozaika eserini taýýarladylar. Ýedi dizaýneriň gatnaşmagynda Londonyň Hitrou howa menzilinde döredilen bu mozaika üçin 600.000 şaýylyk ulanylypdyr. Onda ABŞ-nyň «Azatlyk heýkeli» şekillendirilipdir. Ol şaýylykdan düzülen iň uly mozaika hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Haly nagyşlarynyň şekilleri aslynda gadymy türkmen halkynyň döreden ýazuw elipbiýidir. Türkmen halysynyň üsti bilen gadymy türkmen ýazuwynyň şekillerini okamak bolar. Türkmen halysynyň nagyşlar yndak y şekiller gadymy fink leriň, häzirki Şamda ýaşaýan halklaryň şol ýere göç-hä-göçlükde öz Watanyndan, ýagny gadymy Oguz ýurdundan alyp giden elipbi ýidir. Şol elipbiý bolsa, türkmen halylarynda saklanyp galan hem türkmen dilinde okap bolýan harp şekilleridir.
Hytaýda ýerleşýän Şanhaý porty dün ýäde iň uly göwrümli deňiz portlarynyň biridir. Şanhaý porty 2010-njy ýyldan bäri dün ýä boýunça özüniň birinjiligini saklap gelýär. Ondan öň bolsa ululygy boýunça dünýäde Singapur porty bilen bäsleşip bilýän ýokdy. Şanhaý porty 2012-nji ýylda dünýä boýunça iň ýokary netijäni görkezmegi başardy. Şeýle hem şol ýylda onuň düzüminde 20 funtluk konteýnerleriň 32,5 milliony hasaba alyndy. Bu bolsa bu ýerde birnäçe gämä ýük ýüklemek we düşürmek üçin giň mümkinçiligiň bardygyny görkezýär.