Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENIŇ SAZ GURALLARY
Ýazylan wagty: 26 ноября 2019 Ýazan Mayichka
TÜRKMENIŇ
SAZ GURALLARY
Okalan sany: 69   Jogaplar: ( 3 )

Mayichka
26 ноября 2019

GOPUZ Gopuz dünýä halklaryna iň köp ýaýran saz gurallarynyň biridir. Ülkämiziň saz däplerinde gopuz gelin-gyzlarymyza degişli bolan hem bolsa, dürli ýurtlarda mesgen tutan gök oguzlaryň sungatynda ol diňe erkek adamlaryň çalýan, owazyna goşup tans edýän saz guraly bolupdyr. Gopuz Orta Aziýa halklaryndan başga-da, Kawkaz, Gündogar, käbir Ýewropa halklarynyň hem sungatynda kobuz, ku­byz, ko­muz, ho­mus, ko­myž, komys, kawys, komos, ukrainlarda kobza ýaly atlar bilen kirişli saz guraly hökmünde giňden bellidir. Türkmenlerde gopuzy örän arassa, iň oňat demirlerden ýasapdyrlar. Demirçi ussalar: «Eger gopuzy ýasap, onuň dilini gije daksaň, owazsyz bolarmyş, gündiz daksaň, goh-galmagally bolarmyş, daň­ dan — guşlaryň saýraýan säher çaglarynda dakaýsaň, saýrak guş deý owazly bolarmyş» diýen yryma uýupdyrlar. Gopuz bellibir ölçege eýe bolman, onuň ululy-kiçili görnüşleri bolupdyr. Möçberlerine görä sesleri belentli-pesli bolupdyr. Gopuz çep eliň bilen iki dişiň arasynda çalaja gysylyp saklanýar. Soňra sag eliň süýem barmagy bilen onuň diljagazyna kakylýar. Dutarda sese ýaň berýän onuň kädisi bolsa, gopuzda owaz agyz boşlugynyň, dodagyň, diliň hem-de howa sorup çykarmagyň netijesinde owaz alynýar. Gopuzda, her kim öz ussatlygyna, ýerine ýetiriş ukybyna baglylykda, ýüzugra 5-6 ses bilen dürli sazlaryň hötdesinden gelipdir. Gopuz sazlary: «Gelnalyjy getiren”, «Mamamyň hüwdüsi», «Kerwen gelýär»... «Türkmen sazy» atly meşhur kitapda «Uzuklar», «Näzikler», «Lälikler», «Ýagma, bulut», «Sona gelin» ýaly sazlaryň ilki gopuzda, soňra tüýdükde, soň bolsa meşhur Aly dutarçy tarapyndan dutara geçirilip çalnandygy barada maglumat berilýär. Halk arasynda dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýeten «Uzuklar» rowaýatynda hem gadym wagtlarda hanyň Näzik, Lälik, Uzuk diýen üç gyzy bolup, Uzuk gyzyň gopuz çalmakda ezberlik görkezişi hakyndaky waka dolulygyna gelin-gyzlaryň gopuz çalyşmak, läle kakyşmak däpleri bilen baglanyşyklydyr.

Mayichka
26 ноября 2019

ÇAGA JÜL-JÜLLERI Türkmeniň geçmiş-taryhynda dürli guşlaryň, haýwanlaryň, käbir beýleki zatlaryň keşpleri berlip, palçykdan bişirilip ýasalan, kiçijik üflenip çalyn­ ýan çaga saz gurallarynyň ençeme görnüşleri belli bolupdyr. Bu saz gurallarynyň birnäçe nusgalary arheologiýa gazuw-agtaryş işleri geçirilende, ülkämiziň çäklerinden tapyldy. Ol tapyndylaryň käbiri muzeýlerimizde, şeýle hem käbir hojalyklarda saklanylýar. Tapylan çaga jül-jülleriniň görnüşlerine görä, olaryň perde deşikleri bolan we perde deşikleri bolmadyk nusgalary bardyr. Perde deşikleri bolmadyk nusgalarynda üflemegi güýçlendirmegiň hasabyna 3-4 sesiň çäginde zowwam sesleri almak bolýar. Bir ýa-da iki ýerde deşikleri bolan nusgalarynda 5-6 ses alyp bolýandygy synalyp görüldi. Çaga jül-jülleriniň möçberine we perde deşiklerine baglylykda, olar gulaga ýakymly, her hili näzik owazlary berip bilýärler. Bu çaga saz gurallary, esasan, çaga güýmenjeleri hasap edilýändigine garamazdan, onda käbir sadaja heňleri çalmak mümkin. Dünýä saz medeniýetinde çaga jül-jülleriniň kämilleşdirilip, olaryň hatda uly orkestrlerde hem ulanylýandygynyň mysallary mälimdir.

Mayichka
26 ноября 2019

MEŞIKLI TÜÝDÜK Derwüş Aly (XVII asyr) özüniň «Saz hakynda traktat» diýen işinde Muhammet Horezmşah döwründe (XIII asyr) toý-meýlislerde meşikli tüýdügiň ýörgünli bolandygyny, bu guralyň şol döwürlerde Möwlam Abdylmömin tarapyndan ýasalandygyny belläpdir. Şeýle hem Möwlam Abdylmöminiň bu meşikli tüýdügi demirçi ussalaryň körügine ýel berşine esaslanyp ýasandygy nygtalypdyr. Meşikli tüýdük baradaky maglumatlar käbir beýleki çeşmelerde-de şöhlelenip, onuň meşiginiň geçiniň hamyndan eýlenip edil­ ýändigi, surnaýyň sesine meňzäp duran sesi berýändigi barada maglumatlar berlipdir. Meşikli tüýdükler biziň günlerimize gelip ýetmedik hem bolsa, olar sarnaý, tulumnaý ady bilen beýleki käbir türki halklaryň sungatynda saklanyp galypdyr.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07474 sek. ýüklenen baýt: 35060