Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Bulary bilmek gyzykly
Ýazylan wagty: 26 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Bulary bilmek gyzykly
Okalan sany: 56   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
26 ноября 2019

#Aslynda, ýürek döşümiziň çep tarapynda ýerleşmeýär. Iki öýkenimiziň arasynda sähel çep tarapda ýerleşýär. Ýürekde özbaşdak elektrik impulsy emele gelýänligi üçin ol bedeniň daşynda hem işläp bilýär. Ýöne ýü­ regiň işlemegi üçin koronar gan aýlanyşygy wajypdyr. Saz ýa-da aýdym diňlän wagtymyzda az wagtdan soň ýüregimiziň ritmi diňleýän sazymyzyň ýa-da aý­ dymymyzyň ritmi bilen sazlanyşýar. Ýürek 1 minutda takmynan 72 gezek urýar. 1 günde 100 000 gezek ursa, 65 ýaşda 2 500 000 000 gezek urýar. Ýürek 1 minutda takmynan 5‒30 litr gany aýlaýar. Bir günde takmynan 10000 litr gany aýlaýan bolsa, ömrüň dowamynda takmynan 176 000 000 litr gany öz üstünden geçirýär. Ganyň 24 sagatda damarlarymyzdan geçýän aralygy takmynan 97 000 km deňdir. Diňe gök-önümleri iýýän adamlarda ýürek keseli bilen kesellemek howpy 19% azalýar. Düwünçegiň ilkinji ýürek urgusy 4 hepdelik wagtyndan başlanýar. Täze doglan çagalaryň bedeninde jemi 200 ml gan bolýar. Ýürek gözüň buýnuzly perdesinden başga ähli beden öýjüklerini (75 trillion) gan bilen üpjün edýär. Ýag dokumanyň arasyndan köp mukdarda kapilýar damarjyklary geçýär. Diýmek artykmaç agram üçin ýürek goşmaça iş etmeli bolýar. Zenanlaryň ýüreginiň takmynan agramy 240 gr, erkek adamlaryň ýü­ reginiň takmynan agramy 310 gr. Muňa garamazdan aýallaryň ýüregi erkekleriňkiden çalt urýar. 1 minutda aýallarda 78, erkeklerde 72 gezek urýar. Gan aýlanyş ulgamyndaky kislorodyň 20%-i beýni üçin sarp edil­ ýär. Ganyň ýürekden çykyp ýene yzyna gaýdyp gelmesi üçin 25 sekunt wagt gerek. Gök kitleriň ýüregi iň uly ýürekdir. Onuň agramy 680 kg. Kitleriň ýüregi 1 minutda 9 gezek urýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06398 sek. ýüklenen baýt: 31227