Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Zähmete hoşallyk güni
Ýazylan wagty: 29 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Zähmete hoşallyk güni
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
29 ноября 2019

Her ýylyň 23-nji noýabrynda Ýaponiýada Zähmete hoşallyk güni (Kinro-Kanshya no Hi) bellenilýär. Şol gün senagatyň ähli pudaklary­ nyň işgärleri, fermerler, döwlet edaralarynyň we kompaniýalaryň gullukçylary kanuny tarapdan dynç alýarlar. Bu baýramçylyk 1948-nji ýylda esaslandyrylanda, «Täze hasyl güni» diýlip at­ landyrylyp, oba hojalyk işleriniň tamamlanma­ gyny alamatlandyrýan nusgawy baýram bo­ lupdyr. Häzirki wagtda ol işiň ähli görnüşlerini öz içine alýar. Baýramçylygyň esasynda ýapon halkynyň jepakeş zähmetkeşlik ruhy ýatandyr. Bu baýramçylyk gününde her bir ýaponiýaly öz döwletiniň ösüşine goşan goşandy üçin birek-bi­ rege minnetdarlygyny bildirýärler. Ýurduň köp ýerinde oba hojalyk işgärleriniň baýramy — Nogesaý hem bellenilýär. Daýhanlar ybadatha­ nalara ýygnan hasylynyň bir bölegini paý hök­ münde getirýärler. Oba hojalyk önümleriniň sergisi gurnalýar. Serginiň ýeňijilerine baýraklar gowşurylýar. Ýaponlaryň bu baýramynda türk­ men halkynyň Hasyl toýunyň käbir alamatlary­ ny görmek bolýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,21960 sek. ýüklenen baýt: 30260