Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Dostlar güni
Ýazylan wagty: 29 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Dostlar güni
Okalan sany: 36   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
29 ноября 2019

Dostlar güni, has takygy, dostlary gazanma­ gyň we olara täsir etmegiň güni ABŞ-da her ýy­ lyň 24-nji noýabrynda bellenilýär. Baýramçy­ lyk belli amerikan psihology we ýazyjysy Deýl Karneginiň (1888 — 1955 ý.) doglan gününde geçirilýär. Ýazyjynyň «Dosty nähili gazanmaly we adama nähili täsiriňi ýetirmeli?» (How to Win Friends and Influence People) atly kitaby dünýä meşhurdyr. 1936-njy ýylda ilkinji gezek çap edilen bu kitap şu günki günde-de dün­ ýäde iň geçginli we köp okalýan kitaplaryň hataryndadyr. Bu kitap türkmen diline hem terjime edildi. 24-nji noýabrda ABŞ-nyň uni­ wersitetlerinde, kolležlerinde, mekdeplerinde ýazyjynyň şu kitabynyň esasynda jemgyýetde öz ornuny tapmaga, dostlary gözlemäge ýar­ dam edýän söhbetdeşlikler guralýar.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11906 sek. ýüklenen baýt: 29730