Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Bu altynlar gaýany ýoldan aýyran adama degişlidir
Ýazylan wagty: 30 ноября 2019 Ýazan Mayichka
Bu altynlar gaýany ýoldan aýyran
adama degişlidir
Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
30 ноября 2019

Gadym zamanlarda bir patyşa köşgüne gelýän ýoluň ortasynda uly gaýa daşyny goýdurypdyr. Ýurduň iň atly täjirleri, iň uly kerwenleri we köşk işgärleri şol ýoldan gatnapdyrlar. Patyşa indi olaryň neneň çykalga tapjakdyklaryny görmek üçin, şol ýola seredip oturyberipdir. Emma hiç hili üýtgeşiklik bolmandyr, täjirlerem, köşk işgärlerem daşyň daşyndan aýlanyp geçiberipdirler. Özleri-de köşge girensoňlar ýurduň baý bolsa-da ýollaryny arassalap bilmeýändigi barada gürrüň eder ekenler. Günleriň birinde bir daýhan öz ýetişdiren miwelerini köşge alyp gelýärkä, ýolda duran gaýany görýär. Ol iki elinem çermäp, derrew gaýany ýoldan aýyrmaga başlaýar. Ahyry bar güýjüni sarp edip, uly daşy ýoldan aýyrmagy başarypdyr. Ol ýere seretse, bir torba altyn, içinde bolsa patyşanyň hatyna gözi düşýär. Hatda «Bu altynlar gaýany ýoldan aýyran adama degişlidir» diýip ýazylgy eken. Şeýdip daý- han köşgüň birnäçe adamlaryna görelde bolupdyr. Öňümizde nähili päsgelçilikler, kynçylyklar ýü- ze çyksa-da, ondan gaçyp ýa-da sowlup geçmän, ony düzetmek üçin elimizde baryny etmelidiris. Her bir päsgelçilik durmuşymyzy ýeňilleşdirjek bir mümkinçilikdir!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06960 sek. ýüklenen baýt: 30584