Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen we özbek Liderleri Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegini maslahatlaşdylar
Ýazylan wagty: 30 ноября 2019 Ýazan NEXTTM

Türkmen we özbek Liderleri Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegini maslahatlaşdylar

Türkmen we özbek Liderleri Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň barşynda  «Kuksaroý» döwlet kabulhanasynda Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen  ikiçäk duşuşygy geçirildi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, hususan-da, goňşy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak gepleşikleriň esasyny düzdi. Taraplar bu meseleleriň ýakyn wagtda çözgüdiniň tapylmagynda parahatçylykly hem-de diplomatik serişdeleriň wajypdygyny belläp, bu babatda syýasy goldaw bermäge hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ýygjam hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Şawkat Mirziýoýew Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak we ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek babatda türkmen döwletiniň möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Hususan-da, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu mesele boýunça öňe süren we dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan netijeli başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Häzirki döwürde Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegi, ýurduň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy zerur bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda energetika, ulag, aragatnaşyk ugurlary boýunça iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06580 sek. ýüklenen baýt: 32147