Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Islam Karimowy hormatladylar
Ýazylan wagty: 30 ноября 2019 Ýazan NEXTTM

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Islam Karimowy hormatladylar

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Islam Karimowy hormatladylar

29-njy noýabrda Özbegistan Respublikasynda konsultatiw duşuşygy tamamlanandan soň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary «Kuksaroý» döwlet kabulhanasynyň Hormatly myhmanlar seýilbagynda bilelikdäki agaç nahallaryny oturtmak dabarasyna gatnaşdylar. Munuň özi bäş ýurduň doganlyk halklaryny baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanlary Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärligine bardylar. Bu ýerde görnükli syýasatçynyň hem-de Garaşsyz döwleti gurmagyň gözbaşynda bolan özbek halkynyň wepaly oglunyň ýadygärligi oturdylypdyr.

Dabaraly ýagdaýda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri ýadygärligiň etegine gül desselerini goýup, sebitde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşan Özbegistanyň ajaýyp döwlet işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralap, hormat-sarpa goýdular.

Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06113 sek. ýüklenen baýt: 31151