Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň konsultatiw duşuşygy: Türkmenistanyň garaýyşlary
Ýazylan wagty: 30 ноября 2019 Ýazan NEXTTM

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň konsultatiw duşuşygy: Türkmenistanyň garaýyşlary

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň konsultatiw duşuşygy: Türkmenistanyň garaýyşlary

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidenti çykyş etdi. Döwlet Baştutany öz çykyşynda häzirkizaman gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Türkmenistanyň garaýyşlaryny mälim etdi.    

Türkmenistanyň Prezidentiniň konsultatiw duşuşykda sözlän sözünden:

Bäş döwletiň DIM-niň ýolbaşçylarynyň derejesinde yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň gurallary işläp ugrady. Şolarda sebitiň gün tertibiniň anyk meseleleri, ilkinji nobatda, howpsuzlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Geňeşmeleriň şu görnüşi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerindäki has ýakyn hem-de utgaşykly hereketleri bilen berkidilip bilner diýip hasaplaýaryn.

Şol düzümlerde bäştaraplaýyn geňeşmeleriň salym pursatlyk däl-de, eýsem, yzygiderli, anyk kesgitlenen ugurlary bolan görnüşlerini ýola goýmak zerurdyr. Biziň wekiliýetlerimiziň umumy sebit ähmiýetli möhüm meseleler boýunça aýdyň ýol görkezijilerine, ylalaşylan ugurlara eýe bolmagy hem-de şolary maksadalaýyk gorap, birek-biregiň goldawyna daýanyp hem-de beýleki döwletleriň hataryndan pikirdeşlerini çekip bilmegi gerek.

Sebit howpsuzlygy ýaly möhüm meselede biziň ýurtlarymyz hemişe jebis çykyş edip, öz öýünde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda jogapkärçiligini hem-de berk ynamyny görkezmelidir.

***

Biz Owganystanyň, beýleki goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy boýunça işleri dowam etmegi maksat edinýäris hem-de şol işlere Merkezi Aziýa döwletleriniň goşulmagyny goldaýarys.

Owgan meselesiniň gerimini we düýplüligini, doganlyk halkyň umyt-arzuwlaryny bizden, goňşulardan başga hiç kim gowy bilmeýär hem-de duýmaýar. Owganystany goldamak işinde aýratyn orun eýelemeli wezipe hut biziň öňümizde durýar. Munuň üçin biziň ýurtlarymyza Owganystana hemmetaraplaýyn kömek bermek wezipesini soňa goýman, halkara gün tertibiniň möhüm meselesi hökmünde BMG-de hyzmatdaş döwletler, Sekretariat, ýöriteleşdirilen düzümler bilen yzygiderli işlemek zerurdyr.

***

Soňky wagtda 5+ görnüşindäki özara hereketleriň örän işjeňleşendigi diýseň guwandyrýar. Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň Ýewropa Bileleşigi, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň görnüşleri göz öňünde tutulýar. Şeýle görnüşli hyzmatdaşlyga dünýäniň beýleki öňdebaryjy ýurtlary tarapyndan hem uly gyzyklanma bar. Şunuň ýaly duşuşyklaryň gün tertibi örän giň hem-de köp dürli bolýar, ýöne şolarda ykdysadyýet, energetika, ulag we logistika baradaky meseleler hemişe esasy orun eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, şol gatnaşyklary maksadalaýyk alyp barmagy, olara sebitiň düzümlerine uzakmöhletleýin maýa goýmagyň bähbitlerini we geljekki mümkinçiliklerini subut etmegi, halkara ýöriteleşdirilen düzümleriň gurallaryny netijeli ulanmak zerur diýip hasaplaýaryn.

***

Dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk sebitiň döwletleriniň Ýewropanyň, Russiýanyň, Kawkazyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna öz önümlerini çykarmagy üçin Gündogar Hazaryň port düzüminiň kuwwatyny has doly peýdalanmak gerek. Türkmenistan munuň üçin amatly şertlerde öz port desgalaryny hödürlemäge taýýardyr.

Sebitiň içindäki ulag gatnawlarynyň mümkinçilikleri doly amala aşyrylmady. Elbetde, bu ulgamda eýýäm birnäçe taslamalary bilelikde amala aşyrmagyň mysallary bar. Ýöne Merkezi Aziýany häzirki zamanyň utgaşykly, ýokary netijeli ulag halkasyna öwürmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy barada aýtmak heniz ir. Bu taslamalar bilen has içgin meşgullanmak, ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistikany ösdürmek boýunça tagallalarymyzy birleşdirmek zerurdyr.

***

Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisinde innowasion ösüşiň mümkinçilikleriniň, ajaýyp ylmy mekdepleriň, öňdebaryjy tehnologiki işläp taýýarlamalaryň bardygyna ynanýaryn. Bu ugurda tagallalary birleşdirmeli, sebitiň ösdürilmegi üçin biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerine aýdyň ýüze çykýan innowasion häsiýet, sanly derejede ölçeg bermeli.

Umuman, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, innowasion ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyna maksada gönükdirilen we ulgamlaýyn häsiýet bermek maksady bilen, bäştaraplaýyn Işewürler geňeşini döretmek barada oýlanyşmagy teklip edýärin.

Şunuň ýaly düzüm ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça sebitiň döwletleriniň birleşdirilen strategiýasyny kemala getirmek babatda esasy dolandyryş merkeziň wezipesini öz üstüne alyp bilerdi, hökümetlere degişli teklipler bilen çykyp biler, daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum gün tertibi boýunça anyk teklipleri taýýarlap biler.

***

Araly halas etmek diňe bir anyk häsiýetli wezipe däldir. Bu taryhyň hem-de hakydanyň öňünde biziň borjumyzdyr. Aral deňziniň kenarlarynda köp babatda Merkezi Aziýa siwilizasiýasy, biziň ýakynlygymyz kemala geldi. Şonuň üçin Aralyň geljegini gaýdyp bermek üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyna ynanýaryn.

 

***

Suw serişdelerini gorap saklamak we peýdalanmak ýaly biziň ýurtlarymyz üçin örän möhüm mesele barada gysgajyk aýdyp geçmek isleýärin. Umumy dünýägaraýşyň çäklerinde, her bir jogapkär döwletiň borjy hökmünde suw serişdelerine deň we adalatly elýeterliligi üpjün etmek ýörelgelerinde tagallalary birleşdirmeli diýip hasaplaýaryn. Şu esasda ikinji derejeli, ýerli bähbitler öz ornuny uzakmöhletleýin geljek üçin hereket etmegiň ýeke-täk strategiýasyny işläp taýýarlamaga we onuň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de umumy sebitiň maksatlaryna düşünilmegine bermelidir.

Şunda Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesi bellidir. Biz suwdan peýdalanmak meselesine garamagy we ony çözmegi halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, özara hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini göz öňünde tutmagyň esasynda hem-de ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň gatnaşmagynda amala aşyrylmaly diýip hasaplaýarys.

***

Häzir biziň medeniýetimiz we taryhymyz döwletara gatnaşyklaryny berkidýär, adamlaryň arasyndaky ýakynlygyň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Giň ynsanperwer gatnaşyklara itergi berip, medeni hyzmatdaşlygy ösdürip, biz halklarymyz üçin hoşniýetlilik, özara düşünişmek hem-de birek-birege mähremlilik däpleriniň dowamatlylygyny üpjün edýäris.

Şu işde sebitiň ýurtlarynyň döredijilik intelligensiýasy möhüm orun eýelemelidir, hut şolar ulgamlaýyn we yzygiderli esasda umumy sebit medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin ýagdaýlary döretmek başlangyjyny öz üstüne alyp biler. Ony Merkezi Aziýanyň medeni gatnaşyklarynyň forumy diýip atlandyryp bileris.

Onuň wezipesi, biziň pikirimizçe, ýurtlarymyzyň medeni birleşikleriniň toplumlaýyn, köptaraply gatnaşyklaryny ýola goýmakdan, Merkezi Aziýanyň halklarynyň baý ruhy-taryhy mirasyny, edebiýat, sungat, kinematografiýa ulgamlarynda gazanylýan häzirki zaman üstünlikleri wagyz etmekden, ýaşlaryň giň gatnaşyklaryny höweslendirmekden ybarat bolup biler.

Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07040 sek. ýüklenen baýt: 41898