Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabatda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär
Ýazylan wagty: 30 ноября 2019 Ýazan NEXTTM

Aşgabatda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär

Aşgabatda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär

Şu gün Aşgabatdaky Köpugurly sport toplumynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär. Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy tarapyndan berilýän maglumata görä, ýaryşa dokuz topar gatnaşýar.

Gatnaşyjylar iki toparça bölünýär. «A» toparçany «Galkan», «Watançy», «Şir», «Alp Arslan» we ilkinji gezek ýaryşýan «Talyp sporty» toparlary emele getirse, «B» toparçany «Oguzhan», «Merdana», «Nesil» we «Bürgüt» toparlary düzýär. Toparçalaýyn duşuşyklar 7-nji dekabra çenli dowam eder.

9-njy dekabrda toparçalarda ikinji orny eýelän toparlaryň arasynda umumy üçünjilik ugrundaky duşuşyk geçiriler. Ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygy 10-njy dekabrda bolar. Final duşuşygy «A» hem-de «B» toparçalaryň ýeňijileriniň arasynda geçiriler. Bu duşuşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy garaşýar.

Okalan sany: 4   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06712 sek. ýüklenen baýt: 31346