Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi
Ýazylan wagty: 02 декабря 2019 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi


27-nji noýabrda Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin gümrük amallarynyň innowasiýalaryny höweslendirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi ― diýip, Döwlet Gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.


Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň maksady 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň çäklerinde özara bähbitli ugurlarda Taraplaryň hyzmatdaşlygy üçin esasy üpjün etmekden ybaratdyr. Ähtnama laýyklykda gümrük işine innowasiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwletleriň gümrük gulluklarynyň arasynda maglumat alyşmak, öňünden deklarirlemegiň ulgamyny işe ornaşdyrmak, mümkinçilikleri ösdürmäge ýardam bermek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ösdüriler. 

Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06282 sek. ýüklenen baýt: 30770