“Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) 2019-njy ýylyň dekabr aýynyň 1 – 31-i aralygynda Öý üçin internete (512 Kbit/s) arzanladyş yglan edýär. Ýerli aragatnaşyk ulgamynyň resmi internet saýtynyň ýazmagyna görä, täze nyrhnama Şahsy otag hyzmaty arkaly, şeýle-de hyzmat ediş nokatlaryna ýüz tutmalar esasynda geçip bolýar.
“Türkmentelekom” aragatnaşyk ulgamy hem 2019-nji ýylyň dekabr aýynyň 1-den ilat üçin trafigiň çäklendirilmedik görnüşinde 512 Kbit/s 200 manat bolandygyny habar berýär.