Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Halaçly halyçylar äpet haly dokadylar
Ýazylan wagty: 02 декабря 2019 Ýazan NEXTTM

Halaçly halyçylar äpet haly dokadylar

Halaçly halyçylar äpet haly dokadylar

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynda 215 inedördül metre barabar bolan äpet haly dokaldy. Bu barada "Jeyhun.news" habar berýär.

Gelin-gyzlaryň 80 sanysynyň dokan bu halysyna 800 kilograma golaý nah ýüplük harçlanylypdyr.

Soňky ýyllarda täze sehler gurlup ulanylmaga berildi. Netijede täze iş orunlaryny 200-si döredildi. Häzir  kärhanada 2200-den gowrak halyçy zähmet çekýär. Bu ýerde dokalýan 30—40 inedördül metr ölçegli halylara isleg barha artýar.

Geçen ýyl Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary el halylarynyň we haly önümleriniň önümçiligini ilkinji gezek 9 müň 100 inedördül metrden geçirdiler.

Buýurmalar esasynda kärhanada 70 inedördül metrden 180 inedördül metre çenli özboluşly uly göwrümli halylar hem dokalýar.

Islegli önümiň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen obalarda kärhananyň bölümlerini açmak boýunça iş alnyp barylýar. Häzirki wagtda halyçy zenanlaryň 230-si ýörite baglaşylan şertnamalaryň esasynda öýlerinde haly dokamak bilen meşgullanýar.

Okalan sany: 3   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06764 sek. ýüklenen baýt: 32366