Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygyna gatnaşdy
Ýazylan wagty: 02 декабря 2019 Ýazan NEXTTM

Türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygyna gatnaşdy

2019-njy ýylyň 29-30-njy noýabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde Afrika, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerinde ilkinji gezek geçiriljek “EKSPO-2020” halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi. 

Türkmenistandan bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. 

Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti “EKSPO-2020” Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň wekilleriniň bu iri çärä gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de “EKSPO-2020” Dubaý Býurosynyň Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Alynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň bu sergä gatnaşmagynyň geljekde türkmen-emirliklrt gatnaşyklarynyň berkemegine goşant goşjakdygy hem-de dünýä bileleşigini Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri bilen tanyşdyrjakdygy barada bellenildi.  

Dubaý şäherinde 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň apreline çenli geçiriljek “EKSPO-2020 bütindünýä sergisi “Akyllaryň arabaglanyşygy we gelejegi gurmak” şygary astynda geçiriler. Medeni we döredijilik duşuşygyna öwrüljek bu çärä 200 halkara gatnaşyjy, şol sanda ýurtlar we halkara guramalary, şeýle-de halkara kompaniýalary gatnaşar. Türkmenistan döwletimiz EKSPO-2020-ä “Ykjamlyk” atly ekspozisiýa bilen gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06582 sek. ýüklenen baýt: 32101