Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen wekilýeti EXPO 2020 sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy
Ýazylan wagty: 02 декабря 2019 Ýazan NEXTTM


Türkmen wekilýeti EXPO 2020 sergisine taýýarlyk duşuşygyna gatnaşdy

Dubaýda (BAE) EXPO 2020 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi, ol ilkinji gezek Ýakyn Gündogar sebiinde geçiriler.

Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Orazmyrat Gurbannazarowyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet Türkmenistana wekilçilik etdi. Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň wekilleriniň EXPO 2020 sergisiniň Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň iri gözden geçirişe gatnaşmagynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli sergi «Ykjamlyk» diýlip atlandyrylar, Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny ýerine ýetirmek TSTB-niň agzasy «Tekmil» hususy kärhanasyna ynanyldy. Kompaniýa innowasion tehnologiýalary, şeýle hem takyklygy has ýokary sanly-kontent ulanmagy göz öňünde tutýar.

2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda açyljak EXPO Dubai Bütindünýä sergisiniň çäklerinde iň köp wekilçilikli sergi bolar. Oňa ýurtlaryň 192-si, şeýle hem halkara guramalary gatnaşarlar. Alty aýlap äpet megaplatformada sergä gatnaşýanlaryň her biri öz ýeten sepgitlerini we innowasiýalaryny görkezer, taryhy, medeni, söwda-ykdysady, maýa goýum we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar, şeýle hem tejribe alşar we netijeli gatnaşyklary ýola goýar.
Okalan sany: 2   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,19893 sek. ýüklenen baýt: 30742