Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Şowlulyk hemraň bolsun, täze spektakl!
Ýazylan wagty: 02 декабря 2019 Ýazan NEXTTM
Şowlulyk hemraň bolsun, täze spektakl!

Baş drama teatrynyň «Rowana» oýnunyň premýerasy ... kölegeler sungatyndan başlandy. Ol pýesanyň baş gahrymanlary –Rowan we Serwi bilen tanyşdyrdy ... Ine, olaryň bäbek döwri, 7 ýaşda mekdebe gidip, 10 ýyldan soňam ýetişenlik attestatyny aldylar ... Gol tutuşyp durmuş ýolundan gitmäge öwrenişen Rowan bilen Serwini duýdansyz ýerden atalary aýra salýarlar.

Tomaşaçylaryň köpüsiniň kellesine: «Döwrebap äheňli Gündogar dessany!» -diýen pikir geldi. Hem dogry, hemem beýle däl! Has takygy, döwre görä beýan edilen Şekspiriň eserlerine mahsus ýordum bolsa gerek. Aşyklaryň kakalary dost eken, olar şäriklikde telekeçilik işini ýöredipdirler ... Birdenkä-de, olaryň ýygnan maýasy gürüm-jürüm bolýar. Rowanyň kakasy puluň ýitmeginde Serwiniň kakasyna betgüman bolýar, olam – Rowanyň kakasyna. Netijede, dostluk kesilýär, atalaryň pkirine görä, elbetde, ýaşlaram gatnaşygy bes etmeli.

Ata-enesiniň talaby bilen Rowan daşary ýurda okuwa gidýär, Serwi bolsa konserwatoriýa okuwa girýär. Žanryň talap edişi ýaly, aşyklaryň arasyna bir garaçomak goşulyp, Rowana Serwi ondan ýüz öwrüp durmuşa çykdy diýýär...

Iki maşgalanyň we aşyklaryň arasyndaky dartgynly gatnaşyklar gowulyk bilen tamamlanýar. 5 ýyldan soň Rowan Watana gaýdyp gelensoň Serwä gabat gelýär. Indi olaryň söýgüsi täzeden möwjeýär. Ýaş menejer «ýiten» pullary tapyp, öňki şärikleri birleşdirýär, olar umumy telekeçilik işini eýýäm batyrgaý we geljegi uly telekeçilik ýörelgesini teklip eden Rowana ynanmagy karar edýärler.

«Rowana» pýesasynyň awtory – Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow manysy boýunça göwrümli eser döredipdir, onda häzirki zaman durmuşynyň wajyp temalary sazlaşykly utgaşypdyr. Özi hem şunda şahsyýetleriň ýa-da bähbitleriň gapma-garşylygy ýok-da, özara ynanşykly gatnaşyklar, oýlanşyklylyk, birek-birege düşünişmek, päk ýüreklik öňe çykýär.

-«Rowana» pýesasyny okan badyma, men ony sahnalaşdyrmaga höwes etdim – diýip oýun goýujy režisýor Eziz Işangulyýew gürrüň berýär.- Men döredijilik toparyna: «Bu ýaşyryn manylara baý, häzirki döwri beýan edýän, tomaşaçylary gyzyklandyryp, olara täsir etjek hoşniýet eser, şonuň üçinem ony goýanymyzda diňe keýpiçag işlemeli» -diýdim.

Belki, meniň diýenim ýerine düşen bolsa gerek: men baş keşpleri döreden Döwran Hojageldiýew bilen Şemşat Kasymowanyň işinden hoşal. Sahna bezeginde täzeçillikleri ýerlikli ulanan oýun goýujy nakgaş Güljemal Saparowanyň, şeýle hem Kölegeler teatrynyňky ýaly üýtgeşik bezegler döreden Serdar Ataýewiň tagallasy bilen spektakl çeper we täzeçil tilsimler bilen baýlaşdy.

Tomaşaçylar gül desseleridir şowhunly el çarpmalar bilen döwrebap hem-de durmuşa ýagşy umytly garaýan sahna eserini döredenlere hoşallyk bildirdiler.


Okalan sany: 4   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06861 sek. ýüklenen baýt: 33181