Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Daşoguzdaky «Çeper» tikin fabriginde 100-den gowrak görnüşli tikin önümleri öndürilýär
Ýazylan wagty: 14 января 2020 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde ýylyň ilkinji günlerinden başlap çagalar hem-de uly ýaşly adamlar üçin iň täze biçüwde egin-eşikleriň täze görnüşi tikilip başlandy. Bu ýerde geçen ýylda jemi 11 million 112 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, ýyllyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Döwrebap tikin enjamlarynyň sazlaşykly işledilmegi, işleriň göwnejaý guralmagy netijesinde, önümçiligiň ähli ugurlary boýunça 159 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Häzirki wagtda fabrikde 200-e golaý adam işleýär.

Hä­zir­ki wagt­da fab­rik­de 100-den gow­rak gör­nüş­li ti­kin önümle­ri ön­dü­ril­ýär. Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň bar­ha giňeýän döw­rün­de iş­le­ri tä­ze­çe gu­ra­mak, önüm­çi­li­ge in­no­wa­si­on tehno­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, iş­gär­le­riň ne­ti­je­li zäh­met çek­megi üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek önüm ön­dü­ri­li­şi­ni ýokar­lan­dyr­ma­ga, ýo­ka­ry is­leg­li önüm­leriň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Önüm­le­riň ag­la­ba bö­le­gi bu­ýurma­lar esa­syn­da taý­ýar­la­nyl­ýar. Şo­nuň üçin-de her bir ti­kin önü­mi­niň hil de­reje­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.

Ge­çen ýylyň do­wa­myn­da fab­rik bo­ýun­ça ýur­dumy­zyň se­na­gat, gur­lu­şyk, oba ho­ja­ly­gy pu­dak­la­ry­nyň, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ry­nyň bu­ýur­ma­la­ryna la­ýyk­lyk­da ön­dü­ri­len ti­kin önüm­le­riniň muk­da­ry ep-es­li art­dy. Hä­zir­ki za­ma­nyň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän tä­ze gör­nüş­li egin-eşik­ler, öý ho­ja­ly­gy üçin ze­rur bo­lan ýor­gan-dü­şek­ler we beý­le­ki ti­kin önüm­le­ri üçin dür­li ýer­ler­den gelýän bu­ýur­ma­la­ryň hem ýüz­tut­ma­la­ryň sa­ny art­dy.

Bu ýerde döw­rüň ru­hun­da dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge äh­li şert­le­r dö­re­di­len. Ýo­ka­ry önüm­çi­lik ne­ti­je­si­ni ga­zanmak, dür­li gör­nüş­li ti­kin önüm­le­ri­ni öndür­mek üçin fab­rik­de önüm­çi­lik-teh­ni­ki, gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri düýp­li ge­çi­ril­di. Kärha­na do­ly döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy, onuň äh­li önüm­çi­lik ul­gam­la­ry­na hä­zir­ki zama­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän iň kämil teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­dy.

«Çe­per» ti­kin fab­ri­gi­niň bi­na­syn­da «Al­tyn asyr» at­ly ýö­ri­te dü­kan açyl­dy. Bu ýer­de kär­ha­na­da bö­lek sa­tuw üçin tä­ze bi­çüw­de ti­ki­len önüm­le­riň dür­li gör­nüş­leri, şeý­le-de, pu­da­gyň beý­le­ki kär­ha­na­laryn­da ön­dü­ri­len dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­ýar. Ýyl­lyk me­ýil­na­ma­sy­ny ar­ty­gy bi­len ber­jaý eden kär­ha­na­nyň zäh­met ýeň­şi çe­per el­li ti­kin­çi­le­ri tä­ze­den-tä­ze üs­tün­lik­le­re ruhlan­dyr­ýar.
Okalan sany: 25   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06303 sek. ýüklenen baýt: 32679