Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
«Garagum» maldarçylyk hojalygynda 40 müňden gowrak mal dok gyşladylýar
Ýazylan wagty: 14 января 2020 Ýazan NEXTTM
«Garagum» maldarçylyk hojalygynda 40 müňden gowrak mal dok gyşladylýar
Ha­laç etra­by­nyň «Ga­ra­gum» mal­dar­çylyk ho­ja­ly­gyn­a degişli,  Ga­ragu­muň jüm­mü­şin­de ýer­leş­ýän «Ýüz­gu­laç», «Üç­gu­ýy», «Ak­jagu­ýy», «Daş­kak» ýa­ly öri meýdan­la­ryn­da bu ho­ja­ly­gyň 40 müň­den gow­rak ma­ly gyş­la­dylýar. Ola­ry bak­ýan­la­ryň azyndan 15 — 20 ýyl iş tej­ri­be­li çopan­lar bol­ma­gy bi­len mal­la­ryň önüm ber­şi-de go­wy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Ga­ra­gum» mal­darçy­lyk ho­ja­ly­gy­nyň baş ço­pa­ny Agan­ýaz Ha­ýy­dow şu ýyl il­kinji bo­lup, ço­pan­la­ryň ara­syn­da asyl­ly işiň ba­şy­ny baş­la­dy. Ol özü­niň mal bak­ýan ýe­rin­den on­çak­ly uzak bol­ma­dyk «Gülüs­tan» ýaý­la­syn­dan 220 gektar ýer al­dy. Uzak möh­let­le­ýin, ýag­ny 99 ýyl möh­let bi­len berlen bu ýer bö­le­gi tej­ri­be­li ço­pana mal­la­ryň baş sa­ny­ny has-da art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Se­bä­bi alan ýe­ri­niň 70 gö­te­ri­mine bug­daý ekip, ga­lan 30 gö­te­rimi­ne ýo­run­ja eke­nin­de, mal­la­rynyň ot bi­len üp­jün­çi­lik me­se­le­si çö­zül­ýär.

Mal­la­ryň dersi bol­sa ekin meý­dan­la­ry­ny gurp­lan­dyrýar. Şeý­le­lik­de, bir­nä­çe iş orunla­ry hem dö­re­ýär. Ze­rur bo­lan teh­ni­ka­nyň kä­bir gör­nüş­le­ri­ni bol­sa tej­ri­be­li ço­pan öz gir­de­ji­leri­niň ha­sa­by­na sa­tyn al­dy. Ne­ti­je­de, mal­lar­dan owlak-gu­zy, ýüň al­mak ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­lar ar­ty­gy bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

Le­bap we­la­ýa­ty­nyň mal­dar­la­ry­ 2019-njy ýyl­da 115,5 mü­ňe go­laý ow­lak-gu­zy alyp, bu ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma­ny ar­ty­gy bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­rdiler. Köý­tendag et­ra­by­nyň «Dag­ly», Ha­laç et­ra­by­nyň «Ga­ra­gum», Çär­jew et­ra­by­nyň «Ser­dar» mal­dar­çylyk ho­ja­lyk­la­ry şu gün­ler mal­la­ry gö­rel­de­li gyş­lat­mak bi­len, 2020-nji ýyl­da has-da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler.

Okalan sany: 3   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06011 sek. ýüklenen baýt: 31496