Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Futbol, TÝL ― 2019: Ilýa Tamurkin «Merwden» «Ahala» geçdi
Ýazylan wagty: 14 января 2020 Ýazan NEXTTM
Futbol, TÝL ― 2019: Ilýa Tamurkin «Merwden» «Ahala» geçdi
  Ýarym goragçy Ilýa Tamurkin täze futbol möwsüminde «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol toparynda çykyş eder. Ol bu topara Mary şäherinniň «Merwinden» geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Futtbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

30 ýaşly Ilýa Tamurkin Mary şäherinde doguldy. Ol 2007-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli «Merw» toparynyň düzüminde futbol oýnady. 2018-nji ýylda Gyrgyzystanyň «Alga» toparynda çykyş eden ýarym goragçy 2019-njy ýylda ýene-de «Merwe» dolandy. Onuň çykyş eden toparynyň Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 2019-njy ýyldaky möwsümini 11 utuk bilen iň soňky orunda tamamlandygyny ýatladýarys.

Ilýa Tamurkin Türkmenistanyň futbol ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2014-nji ýylyň 22-nji maýynda AFK-nyň Çagyryş kubogynda Owganystanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirdi. Ol geçen ýyl BAE-de geçirilen Aziýa kubogynda hem milli ýygynda çagyryldy.
Okalan sany: 2   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07504 sek. ýüklenen baýt: 30357