Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Marydaky hususy kärhanada bir ýylda 20 müň kubmetr DSP öndürilýär
Ýazylan wagty: 14 января 2020 Ýazan NEXTTM
Marydaky hususy kärhanada bir ýylda 20 müň kubmetr DSP öndürilýär
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Agaýana» hususy kärhanasynyň telekeçileri, esasan, ýerli çig malymyzdan — gowaçadan peýdalanyp, gowaça we agaç gyryndylarynyň dykyzlandyrylan gatlagyny ulanyp, önümçilikde uly höwes bilen peýdalanylýan DSP önümçiligini ýola goýdy. Şeýlelikde, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginde 2016-njy ýylda DSP zawodynyň düýbi tutuldy ― diýip, «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Bir ýylyň dowamynda 20 müň kubmetr DSP öndürmäge ukyply kärhana Hytaý, Türkiýe, Eýran ýaly döwletleriň önüm öndürijileriniň ýokary hilli önüm öndürmäge mümkinçilik berýän kämil enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Bu ýerde täze iş orunlarynyň 50-den gowragynyň döredilmegi, öndürilýän önümleriň bolsa hil, görnüş babatda-da daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan birjik-de pes däldigi, nyrh babatda bolsa, bahalaryň olardan arzandygy bilen diňe bir bu kärhananyň golaý-goltumyndaky adamlary, ýerli ýaşaýjylary däl, eýsem, sebitiň gurluşykçylaryny, bu önümiň hyrydarlaryny, elinden dür dökülýän mebelçileri we beýlekileri hem tüýs ýürekden guwandyrýar.

Çarymyrat Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän bu kärhanasy uzagyndan diňe bir sebiti ýa-da ýurdumyzy DSP önümleri bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, Gahryman Arkadagymyzyň artyk öndürilen önümleri daşary ýurtlara eksport etmek baradaky sargytlaryndan ugur alyp, öz öndürýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmagy hem meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda bu ýerde taýýarlanýan DSP-lere sarp edilýän çig malyň 70 göterimi ýerli, 30 göterimi bolsa daşary ýurtlardan getirilýän çig malyň hasabyna öndürilýär.
Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06318 sek. ýüklenen baýt: 31192