Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Türkmeniň milli buýsanjy
Ýazylan wagty: 28 января 2020 Ýazan NEXTTM
Türkmeniň milli buýsanjy
    Iki erişden çitim çitip, her çitimden argaç kakyp, iki argaçdan baslyk urup dokalan halylardan hatda suw hem geçmändir. «Edenine el ýetmedik, dokanyndan suw ötmedik» diýen jümle hem şondan galan bolmaly.
   «Zenan ýüz ýyllyk yzyny göreýin diýse, haly dokasyn, erkek ýüz ýyllyk yzyny göreýin diýse, çynar eksin» diýen aýtgy hem bar. Ýewropa, Aziýa syýahat eden görnükli italýan syýahatçysy Marko Polo türkmen halysy hakynda «Dünýäde meniň gören iň ajaýyp zatlarymyň içinde iň inçesi we owadany, iň nepisi türkmen halysydyr» diýip belleýär we ýene-de: «Türkmen zenanlary görnükli matematiklerdir, sebäbi olaryň her bir salýan nagyşlary biri beýlekisine simmetrikdir, türkmen zenanlary görnükli suratkeşdir. Sebäbi olaryň her bir salýan nagyşlary tebigatyň gözelligini we janly-jandarlaryň keşplerini edil janly ýaly edip döredýärler, türkmen zenanlary görnükli kompozitorlardyr, sebäbi olaryň döreden haly eserine düşünseň, ol simfoniki esere meňzeýär» diýip belläpdir.
    Ene-mamalarymyzyň kalbynyň owazy, ýüreginiň sazy bilen dörän bu nepis sungatyň orny tördedir. Bilşimiz ýaly, halyny sähetli gün ýüwürdipdirler.
     Haly barada şeýleräk bir rowaýat bar. Irki döwürlerde bir türkmen gelni keseki ýurtlaryň birine ýesir düşüpdir. Gelin uzak wagtlap dogan-garyndaşyň, ata Watanyň zaryny zarlap, köp ahy-nala çekipdir. Şonda gelni şol ýurduň hany ýanyna çagyryp, «Siziň illerde «haly» atly nepis sungat bar, sen şony dokap berseň, men seni Watanyňa ugradaryn» diýýär. Gelin: «Lebziňde dursaň, men dokaryn» diýýär. Şondan soň gelin egrip, boýap, ýüwürdip, haly dokap başlapdyr. Bir gün ir säherde at toýnagynyň dükürdisi ýaly owaz gelýär. Han ses gelýän tarapa diňşirgenip, haly dokalýan jaýyň aýnasyndan assyrynlyk bilen synlapdyr, halynyň dokalan ýeri, şeýle bir lowurdap, ajaýyp bolup görnüpdir. Han bu görnüşe haýran galyp, «Gelni öz ýurduna goýbermän, bu sungaty öz ýurdumda hem dowam etdirderin» diýip, öz beren wadasyndan dänmegi ýüregine düwýär. Birnäçe wagtdan soň gelin halyny dokap gutarýar we ony hanyň ýanyna eltýär. Ol gözelligi, nepisligi görüp, «Gudrat!» diýip, han örboýuna galýar.
    «Şeýle gudraty döretmekde bir keramat bardyr» diýip, han bet pälinden gaýdyp, gelni öz ata Watanyna elin gowşurmagy öz nökerlerine sargapdyr.
  Betpäli pälinden gaýtaran, ýamany raýyndan dönderen bu beýik sungat türkmen halysydyr. Halyny ýüwürdýän mahalyň uly ylham, dokap otyrkaň uly joşgun, kesen mahalyňda uly rahatlyk tapýarsyň. Ol duýgyny diňe halyçy bolup, halyny dokaýanlar duýýandyr.


Okalan sany: 338   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06245 sek. ýüklenen baýt: 32239