Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Zamanabap öwüşginli el işleri
Ýazylan wagty: 28 января 2020 Ýazan NEXTTM
Zamanabap öwüşginli el işleri
    Türkmen durmuşynda hiç wagt özüniň gymmatyny gaçyrmajak, nepisligi, owadanlygy, ulanmaga amatlylygy bilen hemmeleri haýrana goýýan türkmen zenanlarynyň el iş sungatyny zamanabap röwüşde, kämil derejede dowam etdirýänleriň biri hem Maýa Aşyrowadyr. Ol Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýaşaýar. Biz onuň öýüne baryp, el işleri bilen tanşanymyzda, ene-mamalarymyzyň nepis senediniň ýörite sergisini synlaýan ýaly duýgyny başdan geçirdik. Öýüň eýwanynyň gapysyndan törüne çenli hemme ýerini, diwaryň ýüzi bilen bilelikde reňbe-reň öwşün atýan el işleriniň birgiden görnüşi tutup dur. Olaryň içinde ýaşaýyş durmuşymyzda adama saglyk, ýylylyk, rahatlyk bagyşlaýan halylar, keçeler, içine pagta ýa-da ýelek salnyp guraklanyp tikilen düşekçeler, gurakly ýapynjalar, don we çabytlar, dürli maksatlar üçin kakylyp hem çitilip dokalan torbalar, durmuş maksatly enjamlary salyp goýmak üçin nagyşlanyp tikilen gaplar, alajalaryň giden toplumy bar. Maýa gelnejäniň öz mähriban käbesinden hem-de gaýyn enesinden miras galan gadymy el işlerini eşrepiläp saklaýşy hem aýratyn öwgä mynasyp. Olaryň içinde gadymy ýaşyl çabyt hem-de düşegi ýaşyl tahýa has hem ünsüňi özüne çekýär. Ir döwürlerde çagalara geýdirilen ýelekçedir kürtekçe, pürçükler bilen bezelen başgaplar edil täzeden iňňeden çykan ýaly aýawly saklanypdyr.
        Maýa gelneje ene-mamalarymyzyň gadymy el sungatyny täze öwüşginli nagyşlar bilen bezäp, zamanabap many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Geçmişde elbukjalar gelin-gyzlaryň aýna-daraklaryny, sowat öwrenmek üçin mekdebe gatnaýan çagalaryň kitap-depderlerini salmak üçin ulanylan bolsa, çeper elli zenan hormatly Prezidentimiziň çagalara sowgat berýän kompýuterlerini salmaklary üçin hem ýörite elbukjalary taýýarlapdyr. Görüp otursak, onuň el işleriniň köpüsiniň guraklanyp taýýarlanmagy hem aýratyn mana eýe bolup çykdy. Gurak sözi gurmak, gurat sözleri bilen asyldaş bolup, gurmagyň, döretmegiň döwri bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-günüň abadan ýaşaýşyny, dokuzy düzüwligini alamatlandyrýan eken. Onuň oklawdyr çelpek oklaryny salmak üçin tiken gabynyň daşyna salan bugdaý başyny ýatladyp duran şekilden, ik salynýan gabyň daşyndaky milli baýlygymyz bolan ak pagtanyň hanasy görnüşindäki nagyşlardan her bir maşgala ojagynda, döwletimizde bereket-bolçulyk höküm sürsün diýen manylary aňlamak bolýar.
      Maýa gelneje öz el işleri bilen il-halkyň alkyşyny alýar. Toý etjek ýaş çatynjalara, täze öýe göçmekçi bolýan maşgalalara ol elinden gelen kömegini gaýgyrmaýar. Onuň ussatlyk bilen eden el işleri öýleri, toýlary bezeýär. Gyzlarynyň eli hünärli bolmagyny arzuwlaýan ata-eneler öz çagalarynyň Maýa gelnejäniň ýanyna gatnap, onuň işlerine ýardam etmeklerini, nepis senedini öwrenmeklerini tüýs ýürekden goldaýarlar.
     Maýa Aşyrowa tikin-çatyny, el işleriniň inçe tilsimlerini öz mähriban käbesi Täzegül ejeden öwrenipdir. Ol öz döwründe el hünäri bilen il içinde adygan zenanlaryň biri bolupdyr. Täzegül ejäniň dokan halydyr palaslary, eden keçeleri, tiken çabytdyr donlary häli-häzirlerem özüniň nepisligini, reňk öwüşginliligini ýitirmändir. Ol öz çagalaryna ýaşlykdan el işlerini öwredipdir. Maýa ejesiniň el senedini mynasyp dowam etdirýär.
    Häzir ýaşy ellä ser uran Maýa gelnejäniň gol doly, agzybir maşgalasy bar. Ol etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda zähmet çekýän ýanýoldaşy Tahyr Haýtekow bilen 5 çagany terbiýeleýär. Olaryň körpesi ogul perzent. Uly gyzy Jemile orta mekdebi tamamlap, ejesiniň ýakyn kömekçisi bolup ýetişdi. Bibihajar, Nowbahar, Ogulgerek dagy bolsa, okuwdan boş wagtlary tikin-çatyn etmäge diýseň höwesli. Çeper elli Maýa gelneje gyzlaryna we ýanyna el işlerini öwrenmäge gelýänlere bu sungatyň inçe tärlerini ýadaman-ýaltanman düşündirýär. Olara hünär öwrenmegiň artykmaçlyklaryny, durmuşda özüňi alyp barmagyň edep-kadalaryny dynuwsyz öwüt-ündew edýär. Ene-mamalarymyz tarapyndan kämil derejelere ýetirilen aýal-gyzlaryň el senedi Maýa Aşyrowanyň maşgalasynda mynasyp dowam etdirilýär.

Okalan sany: 457   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06215 sek. ýüklenen baýt: 33753