Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
TDÇA-da peýzaž eserleriniň döredijilik sergisi açyldy
Ýazylan wagty: 11 февраля 2020 Ýazan NEXTTM
TDÇA-da peýzaž eserleriniň döredijilik sergisi açyldy
Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda «Bitarap Türkmenistanyň gözel tebigaty» atly döredijilik sergisi açyldy. 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan bu sergide Döwlet çeperçilik akademiýasynyň altyn gaznasynda saklanylýan nakgaşlyk işleri goýlup, olar sun­ga­tyň peý­zaž žan­ry­na degişli eserlerdir ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gaznada saklanylýan naýbaşy işlerden düzülen sergidäki köpöwüşginli eserler dürli ýyllarda çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarynyň we bilim alýan talyplaryň zehinlerinden dörän işlerdir. Paýtagtymyzyň owadan binagärlik keşbi, Diýarymyzyň al-elwan sähralary, belentli-pesli daglary, de­ňizdir derýalary..., mahlasy, Watanymyzyň baý tebigat dünýäsi peýzaž eserlerinde öz beýanyny tapýar. Bulardan başga-da, peýzažyň üsti bilen ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri aýdyň şekillendirilipdir. Her paslyň özboluşly ýakymy bolşy ýaly, reňkleriň sazlaşygy-da eseriň öwüşginini artdyrýar.

Şeýle sazlaşyklary Laçyn Baýlyýewanyň «Tebigat», Aly Sytdykowyň «Awaza», Arslan Atahanowyň «Çeşme çaýlar», Zöhre Geldiýewanyň «Bag» ýaly işlerinde görmek bolýar. Zehinli suratkeşler Zakirjan Babaýewiň, Didar Allakowyň, Myratmergen Kulyýewiň, Derýa Mämmetgulyýewiň, Han Hanowyň, Gyzylgül Hudaýberdiýewanyň işleri-de täsirliligi bilen tapawutlanýar. Han Hanowyň «Parahatçylyk» atly şäher peýzaž işinde parahatçylygyň, asudalygyň nyşany bolan ak kepderileriň sazlaşygynda ak şäherimiz Aşgabadyň gözel keşbi öz beýanyny tapýar.
Okalan sany: 367   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06997 sek. ýüklenen baýt: 30714