Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
«Muhammet-Balkan» HJ Türkmenistanyň dört şäherinde döwrebap awtomenzilleri gurar
Ýazylan wagty: 11 февраля 2020 Ýazan NEXTTM
  «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýolagçylara edilýän hyzmatlary halkara derejelere çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň degişli kärhanalaryna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýolagçy awtomenzilleriniň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we ýolagçy awtomenzillerini 2022-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05540 sek. ýüklenen baýt: 29959