Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Kasilýas futbol federasiýanyň başlyklygyna dalaşgär
Ýazylan wagty: 12 февраля 2020 Ýazan NEXTTM
Kasilýas futbol federasiýanyň başlyklygyna dalaşgär
Geçen möwsümde ýüregagyry sebäpli karýerasyny tamamlan ispaniýaly derwezeçi Iker Kasilýasa täze başdan geçirmä gadam basmakçy bolýar. Ol Ispaniýanyň Futbol federasiýasynyň başlyklygyna dalaş edýär. 38 ýaşyndaky ozalky futbolçy nobatdaky saýlawlarda Luiz Rubiales bilen ýurduň futbol federasiýasynyň başlygy bolmak üçin bäsleşer. Kasilýas bu barada özüniň dalaşgärdigini resmi ýagdaýda habar berdi. Golaýda ýurduň iň meşhur neşirlerinden “Marca” gazetiniň geçiren pikir soraşmasynda ses berenleriň 94 göterimi Kasilýasy saýladylar.

“Real Madridiň” köýnekçesini 16 ýyllap geýen we onlarça kubok gazanan derwezeçi 2015-nji ýylda “Porto” toparyna geçipdi. Geçen ýylyň aprel aýynda ýüreginden ejir çeken Kasilýas şondan soň, futboly bialaç taşlamaly boldy.   
Okalan sany: 34   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08537 sek. ýüklenen baýt: 29684