Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
“Daşary çykmaga utanýar”
Ýazylan wagty: 12 февраля 2020 Ýazan NEXTTM
“Daşary çykmaga utanýar”
Dünýä futbolynyň şasy braziliýaly Peläniň ogly Edinio Globo kakasynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi. Ol: “Pikir edip görüň, ol korol. Hemişe uly şöhrata eýe bolan, täsir galdyryjy şahsyýetdi. Ýöne ol häzirki wagtda ibaly ýöräp hem bilenok. Şol sebäpli-de kän daşary çykmak hem islänok, utanýar. Bu ýagdaý oňa agyr degýär. Sähel zady göwnüne alýar. Pilçesine protez goýlan kakamyň bejergisi-de garaşylyşy ýaly bolmady. Erkin ýagdaýda hereket edip bilenok. Bu bolsa ony depressiýa ýagdaýyna eltýär” diýip, çykyş etdi.

Dünýäniň ýeke-täk 3 gezek çempiony, 79 ýaşyndaky Pele wagtal-wagtal köpçüligiň az ýerlerinde kolýaska bilen çykýar. 21 ýyllyk karýerasy boýunça 1363 duşuşykda 1281 gol geçiren Pele 2015-nji ýylda uly operasiýa bolupdy.

Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08213 sek. ýüklenen baýt: 29602