Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
92-nji Oskar dabarasynyň ykdysady görkezijileri
Ýazylan wagty: 12 февраля 2020 Ýazan NEXTTM
92-nji Oskar dabarasynyň ykdysady görkezijileri
Kino sungatynyň iň abraýly baýragy bolan Oskar baýraklarynyň 92-nji geçirilişi koreýleriň Mugthorlar filminiň garaşylmadyk ýeňşi bilen tamamlandy. 3 sagat 45 minutlap dowam eden dabara baradaky ykdysady görkezijiler şulardan ybarat boldy.

– Dabaranyň geçirilişi üçin umumylykda 44 million dollarlyk çykdajy edildi.

– Dabaranyň Los Anjeles şäheriniň ykdysadyýetine goşýan goşandy 130 million dollar möçberinde.

– Dabarany göni ýaýlymda görkezen ABC telewizýon ýaýlymy 149 million dollarlyk girdejä eýe boldy.

– Dabaranyň dowam edýän pursatynda 30 sekuntlyk reklamanyň bahasy 2,6 million dollara deňdir.

– Dabaradan soň geçirilýän “Vanity Fair” şüweliňine çagyrylanlardan daşary gatnaşmak üçin 105 müň dollar tölemeli.

– Filmleriň girdejisi Oskar baýragyny gazananyndan soň, azyndan 15 million dollar artýar.

– Hollywood her ýyl Oskaryň lobbisi (has meşhurlyk, işjeňlik gazanmagy) üçin azyndan 100 million dollarlyk çykdajy edýär.

– Oskar baýragyny gazanan artistiň gazanjy 20 göterim ýokarlanýar.

IŇ AZ TOMAŞAÇYLY DABARA BOLDY

Şeýle-de 92-nji Oskar dabarasyna teleýaýlym arkaly 23,6 million adam tomaşa etdi. Bu görkeziji Oskaryň taryhyndaky iň az tomaşa edilen dabara boldy. Onuň hem esasy sebäbi hökmünde dabaranyň alypbaryjysyz bolmagy, şeýle-de baýraklary azda-kände haýsy filmleriň, kimleriň aljakdygynyň öňünden çaklanylmagy görkezilýär. Ýagny netijäniň “Altyn globus”, BAFTA, SAG ýaly baýraklar bilen deňräk bolmagy, Oskar dabarasynyň tomaşaçysyny azaltdy diýip bilermenler belleýärler.
Okalan sany: 29   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09132 sek. ýüklenen baýt: 32232