Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Hususy telekeçilige başlamazdan öň öz-özüňe berilmeli 7 sowal
Ýazylan wagty: 13 февраля 2020 Ýazan NEXTTM
Hususy telekeçilige başlamazdan öň öz-özüňe berilmeli 7 sowal

Köp sanly adamlar öz telekeçilik işini açmak isleýär. Iň bolmanda, özbaşdak işewürlige başlamak pikiri wagtal-wagtal siziň aňyňyza gelip biler. Kompaniýa özbaşdak ýolbaşçylyk etmegiň artykmaçlyklary diýseň köp — özüň özüňe başlyk, öz özüňe işleýäň, iş tertibini özüň düzýäň. Ýöne geliň açyk gürleşeliň. Artykmaçlyklarynyň bardygyna garamazdan, hususy telekeçilik — örän jogapkärçilikli wezipe. Statistik maglumatlara görä, täze kompaniýalaryň aglaba bölegi — işläp başlanyndan birinji ýylynda ýapylýar.

Biz siziň üçin hususy telekeçilige başlamazdan öňürti bu işe başlanyňa we pul hem-de wagt sarp edeniňe degýändigini anyklamaga mümkinçilik berýän 7 sany sowal taýýarladyk. Bu sowallara jogap berip, siz belli bir karara gelip bilersiňiz.

1. Siz özgeleriň ýardamy bolmazdan, işläp bilýärsiňizmi? 

Işlemegiňiz üçin özgeleriň ýardamy size zerurmy? Siz öz öňüňizde wezipe goýup, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edip bilýärsiňizmi? Eger-de ýolbaşçyňyz size anyk möhletleri belläp bermeýän bolsa, siz öz wagtyňyzy nähili netijeli sarp edýärsiňiz?

Adamlaryň aglabasynyň hasaplamagyna görä, nämedir bir zada ýeke özüň jogapkär bolmaklyk — durmuşyňy örän ýeňilleşdirýär, ýöne aslyýetinde beýle däl. Hakykat ýüzünde bolsa, iň kyn zat — haçanda anyk kesgitlenen maksatlar we möhletler ýok wagty bir işe başlamakdyr. Iň üstünlikli işewür adamlar tebigaty boýunça garaşsyz bolýarlar we ýolbaşçylarynyň bardygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan netijeli işläp bilýärler.

2. Siz oýlap tapyjymy ýa-da telekeçimi?

Üstünlik gazanan köpsanly startaplar (telekeçilik işleri) ýerine düşen ideýadan başlanýar. Ýöne täze önümiň ýa-da hyzmatyň ideýasy zerur zat bolsa-da, işiň üstünlikli bolmagy üçin ýeterlik şert däldir. «Oýlap tapyjylar» köplenç ýagdaýda ähli ünsüni önümde, prototipde, patentde we ş.m. jemleýärler. Şol bir wagtda hem telekeçiligiň ösmegi üçin beýleki şertleri ünsden düşürýärler. Gowy önümiň bolmagy siziň şolbada müşderileriňiziň peýda boljakdygyny aňlatmaýar. «Telekeçiler» muny bilýär.

Elbetde, eger-de siz özüňizi «telekeçi» däl-de, «oýlap tapyjy» hasap edýän bolsaňyz, hususy telekeçi bolmak pikirinden dänmeli diýen zat ýok. Bu ýagdaýda size telekeçilik ukyplary bolan we siziň pikiriňizi öňe sürüp ösdürip biljek hyzmatdaş gerek bolar.

3. Siziň öňe sürjek ideýaňyz potensial müşderiler üçin gerekmi?

«Meşgullanýan işiňi gowy görseň, hemme zat ugruna bolar, pullaryň özi size geler» diýen aýtgy hemmelere mälim bolsa gerek. Nazaryýetde bu ajaýyp bolup biler, ýöne hakykat ýüzünde bu hemişe beýle däl. Elbetde, gowy görýän işiňi janyň teniň bilen berilmek möhüm şert, ýöne girdejili kompaniýa döretmek üçin siz beýlekileriň pul çykaryp aljak zadyny hödürlemeli. Ahyrsoňunda, siziň öz islegiňizi durmuşa geçirýändigiňiz özgeleri gyzyklandyrmaýar. Adamlar öz zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrýan önümlerdir hyzmatlar üçin pul töleýärler. 

4. Siziň biznesiňiz beýlekilerden nämesi bilen tapawutlanýar?

Siziň ideýaňyz eýýäm bar bolan biznese meňzeşmi ýa-da düýbünden täze zatmy? Siziň öňe sürjek zadyňyzyň bazarda bäsdeşlik derejesi nähili? Bu ugurlary nazara almak hökmanydyr. Bu diýildigi, diňe bazarda ýok zady öňe sürseň, üstünlik gazanyp bolýar diýmegi aňlatmaýar. Aýdaly, «Starbucks» kofelerini alyp göreliň. Onuň kofe satýan ilkinji kompaniýa däldigi hemmelere mälimdir.

Gysgaça aýdanyňda, siziň hususy telekeçilik işiňiz üçin öňe sürjek ideýaňyzyň täze bolmagy hökman däl. bazary ünsli öwrenmeli, heniz öňe sürülmedik ugurlary tapjak bolmaly, şol ugurlarda nädip iş alyp baryp boljakdygyna düşünmeli we işläp başlamaly.

5. Siz «adam-orkestr» hökmünde işlemek isleýärsiňizmi?

Haçanda siz başga biriniň kompaniýasynda işleseňiz, printeri bejerip berýän, ofisdäki kuler üçin suw sargyt edýän, salgyt gullugy üçin hasabatlary taýýar edýän we ş.m. işleri edýän ýörite adamlar bolýar. Eger-de siz hususy telekeçilik işiňizi başlamak isleseňiz, gowusy öňünden özüňizi ilkibaşda şol işler bilen hem meşgullanmaga taýýar ediň.

Täze kompaniýa açmak özüňde birbada köp wezipäniň jemlenmegini aňladýar. Häzir siz tehniki işgäriň ýa-da satyjynyň wezipesinde, bir sagatdan bolsa hasapçy bolup otyrsyňyz. Şonuň üçin hem hususy kompaniýa açmak isleýärsiňmi, öňünden birnäçe wezipäni alyp gidip biljekdigiňizi özüňizden sorap görüň.

6. Hususy telekeçiligi başlamak üçin maliýe goruňyz barmy?

Eger-de siziň üçin zähmet hakynyň kartyňyza haçan geçjekdigini bilmek örän wajyp bolsa, öz-özüňe işlemek örän kyn bolar. Kiçi kompaniýalar we frilanserler köplenç girdeji meselesinde kynçylyk çekýärler. Esaslandyrylandan soň birnäçe ýyllap hem kompaniýaňyzyň  girdeji getirmezliginiň mümkinçigini unutmaň.

Bu ýerde esasy zat haýsy maliýe serişdeleriniň hasabyna siz telekeçilik işiňizi ýöretmek isleýärsiňiz – ine, şuny kesgitlemeli.

7. Işiňizde nämedir bir zat başa barmasa, näme edersiňiz?

Güýç-gaýratyňyzy, wagtyňyzy we puluňyzy meşgullanýan işiňize sarp edeniňziden soňra, işiň başa barmazlygyny öz iş baraşmazlygyň ýaly kabul etmäge howlukmaly däl. Ýöne telekeçiler dürli ýerlerden — maýadarlardan, satyjylardan, sarp edijilerden ýaramaz täzelikleri almaga taýýar bolmalydyr. Gynanyp wagtyňyzy sarp etmäň, gowusy bolan zatlardan netije çykaryp, öňe hereket etjek boluň.
Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13473 sek. ýüklenen baýt: 37689