Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Kiwi hemişe peýdaly däl: bu miwe kime maslahat berilmeýär
Ýazylan wagty: 13 февраля 2020 Ýazan NEXTTM
Kiwi hemişe peýdaly däl: bu miwe kime maslahat berilmeýär
Kiwi ýyly ýurtlarda ösüp ýetişýän ekzotik miwe. Onuň miwesi düzüminde C witaminini saklamak boýunça apelsinden öňe geçmek bilen «çempiondyr». Kiwiniň 100 gramy C witaminine bolan zerurlygy 150% kanagatlandyrýar.

Bu miwe düzüminde B toparyň witaminlerini hem, kaliýni, fosfory, demiri, magniýni, kalsiýni saklaýar. Kiwiniň düzüminde kletçatkalar, şeker hem köp, ýöne kaloriýalylygy ýokary däl – 61.

Miwe aşpezlikde we kosmetologiýada giňden peýdalanylýar. Ol ter görnüşinde hem iýilýär, ondan süýjülikler, içgiler hem taýýarlanylýar, işdäaçarlara-da goşulýar. Miwäniň esasynda derini arassalamak, iýmitlendirmek we ýaşartmak üçin kosmetiki ýapgylar taýýarlanylýar.

Sagdyn uly ýaşly adam üçin bu miwäniň iýilmeginiň maksimal normasy günde 2-3 sanydyr. Onuň gereginden artykmaç iýilmegi howply bolup biler.

Kiwi güýçli allergiýa berijilere degişli. Miwäni hatda az mukdarda iýmek hem bedeniňde çişiň emele gelmegine, gyzarma, üşetmä we beýleki reaksiýalaryň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Bu miwäniň kabul edilmeginde bir ýaşamadyk çagalar, hamyla we çagany ekleýän aýallar seresaplylygy berjaý etmeli.

Şeýle-de, ýokary kislota düzümli kiwini içki organlarynda kesel bolan, ýagny gastrit, ýazwa, pankreatit bolan adamlar hem seresaplylyk bilen iýmeli. Şeýle ýagdaýda miwäni ajöze iýmek howply. Naharlanmadan soň ony az mukdarda iýmek rugsat edilýär. Bagyr we böwrek kesellerinde hem seresap bolmaly.

Kiwi ýeňil sürgi häsiýetine eýe, şonuň üçin ony iýmit siňdiriş bozulan ýagdaýynda iýmit rasionyndan aýyrmaly.
Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07837 sek. ýüklenen baýt: 31305