Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
«90%». UFC-niň Nurmagomedow — Fergýuson göreşiniň ýeňijisi atlandyryldy
Ýazylan wagty: 13 февраля 2020 Ýazan NEXTTM
«90%». UFC-niň Nurmagomedow — Fergýuson göreşiniň ýeňijisi atlandyryldy
ACA-nyň ozalky çempiony Huseýn Haliýew UFC-niň rus göreşijisi Habib Nurmagomedow bilen ozalky wagtlaýyn çempiony Toni Fergýusonyň arasynda geçiriljek göreş baradaky pikiri bilen paýlaşdy.

«Toniniň Habibe garşydaş däldigine 90% ynanýaryn. Onuň bäş raundlap göreşip biljek garşydaşy bolmandy.

Kewin Li? Ol hem Habib ýaly, ýöne ol eýýäm ikinji raundda ýadady. Nurmagomedow ähli distansiýa çydamaga ukyply. Ol özüniň göreşine örän ynamly, bu bolsa oňa aýak üstünde özüni gowy duýmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda onuň garşydaşlary gaharlanýarlar, sebäbi islendik wagtda olar teýkdauny sypdyryp bilýärler. Şu sebäpli hem olar yza çekilmeli bolýarlar. Bu Makgregor bilen hem, Edson Barboza bilen hem şeýle bolupdy.

Uruşganlaryň myşsalary biraz başgaçarak işleýär. Bäş minut agyr göreşden soň olar eýýäm ozalky ýaly güýç bilen urmaga ukyply bolmaýarlar, şonuň üçin olar urgy tehnikasynda hem gowşap başlaýarlar. Häzir UFC-de göreşde Nurmagomedowdan öňe geçjek ýeňil agramly göreşiji ýok – diýip, «RT» telekanaly Haliýewiň sözlerini getirýär.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05377 sek. ýüklenen baýt: 30408