Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Gandbol ýaryşy dowam edýär.
Ýazylan wagty: 08 ноября 2013 Ýazan Mayichka

 


   Gurnalýan köpçülikleýin sport ýaryşlary eziz diýarymyzda indi giň gerime eýe bolýar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça geçirilýän “Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly nobatdaky 5-nji uniwersiýadanyň çäklerinde gyzlaryň arasynda sportuň gandbol görnüşi boýunça dowam edýän ýaryşyň nobatdaky duşuşyklary geçirildi. Onda Türkmenistanyň Içeri Işler Ministirliginiň “Nesil” topary bilen Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk institutynyň “Kerwen” toparynyň geçiren duşuşugy 9:3 hasabynda “Nesil” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Halkara Nebit Gaz Uniwersitetiniň “Nebitçi” topary bilen Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň ‘’Galkynyş” toparynyň geçiren duşuşygy hem diýseň çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň netijesi boýunça “Galkynyş” topary 5:1 hasabynda “Nebitçi” toparyndan üstün çykdy. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň “Talyp sporty” topary bilen Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk Uniwersitetiniň “Lukman” toparynyň geçiren duşuşugy hem 17:0 hasabynda “ Talyp “ sportunyň peýdasyna tamamlandy.


Okalan sany: 328   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,20858 sek. ýüklenen baýt: 30126